SIZDEN GELENLER

Ekologiýa syýasatynyň baş maksady-ekologiýa abadançylygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäginde bilim ulgamynyň binýady has-da berkidilýär we halk hojalygynyň pudaklarynyň ählisi üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem orta mekdeplerinde ýaşlara ekologiýa dersi girizildi. Bu bolsa ýaşlarda ekologik terbiýäni ösdürmek, daşky gurşawy arassa saklamaklyga gönükdirilen çäreleriň jemidir. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belläp geçýär: “Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geljege gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär”. Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň baş maksady ekologiýa abadançylygyny dikeltmekdir.

Häzirki wagtda milli Liderimiz tarapyndan daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak we ygtybarly ulanmaklyk barada birnäçe aladalary edilýär. Bu işler bolsa adamlar bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygy emele getirmek, adamlaryň jana şypaly klimatda uzak ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Biziň ata-babalarymyz tebigatyň hiç bir ýeriniň kemelmegine ýol bermändirler. Agaç ekmek, suwa aýawly garamak ýaly däpler ata- babalarymyzdan galan edepdir. Olar geljekki nesillere hem bu däpleri ýerine ýetirmegi ündäp gezipdirler.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny amal etmek boýunça birnäçe aladalar edilýär. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde hem ekologik meseleler barada nygtap geçdi. Mejlisiň barşynda milli Liderimiz klimatyň ählumumy üýtgemekligi we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak hem-de çölleşmä garşy göreşmeklik boýunça birnäçe wezipeleri nazara alyp çykyş etdi. Şeýle sebitde Araly halas etmegiň sebit üçin örän wajypdygyny göz öňüne tutup, bu mesele barada ýurdumyzyň netijeli işleri durmuşa geçirýändigini dünýä ýüzüne äşgär etdi. Bu işleriň maksady bolsa ekologik abadançylygy ýola goýmak we adamlaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Önümçiligiň daşky gurşawa otrisatel täsir etmegi diňe onyň tygşytsyz gurluşyna bagly bolman, onuň tehnologiki prosesleriniň doly işlenip gutarylmanlygyna hem baglydyr.  Önümçiligiň ösmeginiň netijesinde jemgyýete we tebigata uly ýitgi getirýän, tebigy sistemanyň uly gerimli zaýalanmagy we hapalanmagy  bolup geçýär.  Ekologiki meseleleri çözmegiň kynlygynyň esasy sebäpleri: täze gurulan  maşynlaryň , enjamlaryň we arassalaýjy desgalaryň we häzirki zaman  ýokary derejeli tehniki bilimleriň, tebigy gurşawyň hapalanmazlygyna we zaýalanmazlygyna doly söz berip bilmeýänligidir.

Tebigaty goramak we ilatyň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin jemgyýetiň öňünde tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak meseleleri durýar. Bu meseleleri çözmek üçin wajyp ugurlaryň biri, hünärmenleri ekologiki taýdan taýýarlamak bolup durýar- olara bilim berilende,  dürli sferalarda, material önümçiliklerinde we ýaşaýyş ukyplylyklarynda toplumlaýyn tebigy resurslary ulanmak we tebigaty goramak meselelerine   seredilmelidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda toplumlaýyn, geljegi nazara alýan ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri – ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ilatly ýerlerde we tebigy künjeklerde tokaýlaşdyrma işleri giň gerime eýe boldy.

Mundan başga-da ýurdumyzyň günbatarynda, ýagny Hazar deňziniň türkmen kenarynda ekologik syýahatçylygy ösdürmeklik boýunça birnäçe işler geçirilýär. Daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň jana şypaly howasy, mawy deňiz adam saglygyny dikeltmekde iň bir ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýar.

Häzirki wagtda dünýäniň çöl sebitlerinde iň uly gidrotehniki desgalaryň biri hasaplanýan “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi Aralýaka  sebitinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki wagtda onuň kenarynda obalary, şäherleri döretmeklik barada birnäçe işler geçirilýär.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ilatymyzyň saglygynyň goralmagynyň we ekologiýa abadançylygyň üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini görkezýär.

 

 Dañatar Allakulyýew,

Mary welayatynyň Garagum etrabynyñ

17-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallym.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary