SIZDEN GELENLER

Ekologiýa abadançylygy — ýagty geljege binýat

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek, BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp taýýarlamak, «Hazar ekologik başlangyjyny», Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Sebit geňeşini döretmek ýaly başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitde we dünýäde umumadamzat ähmiýetli meseleleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen tagallalaryny görkezýär.

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak hem-de olary geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasaty bagtyýar zamanamyzyň ösen talaplaryna kybap gelýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni, şol sanda güýzki möwsümde şolaryň 1,5 million düýbüni oturtmak göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan bu asylly işler hem daşky gurşawyň we tebigatyň ygtybarly goralmagyna, geljekki nesillere ýetirilmegine oňyn şert bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa taýdan ösen derejelere we talaplara laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen çäreler görülýär. Olar daşky gurşawyň howpsuzlygy babatda hökmany tertipde degişli seljermeden geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ekologiýa howpsuzlygy boýunça ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde saklanýar. Tebigaty goramak ulgamynda hereket edýän milli kanunçylygymyz ösen döwletleriň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilip, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi eziz Diýarymyzyň bu ugurda ýokary tejribeli döwletdigini görkezýär.

«Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» we «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ekologiýa syýasatynyň aýdyň miweleridir. Tutanýerli işleriň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär.

Ýurdumyzyň, şonuň ýaly-da, dünýäniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, daşky gurşawyň goraglylygyny ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalar edýän, netijede, ynsan saglygyny baş wezipä öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!

Serdar Halmyradow,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri