SIZDEN GELENLER

Ekologiýa abadançylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa howpsuzlygynyň we amatly daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Umuman, tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda köp sanly işler amala aşyrylýar. Halkara derejesinde maslahatlardyr seminarlar geçirilýär.

Ýurdumyzda ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylýandygy, tokaý zolaklarynyň döredilmegine uly üns hem-de goldaw berilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Aýdylanlara subutnama hökmünde, eziz Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu günki gün tebigy baýlyklary tygşytlamak, daşky gurşawy goramak we senagatda, ýaşaýyş-jemagat ulgamynda hem-de oba hojalygynda suw serişdelerinden aýawly peýdalanmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şu ýerde ekologiýa barada gyzykly maglumatlary size ýetirmek isleýäris:

  • Gadymy grek dilinden terjime edilen “ekologiýa” sözi “jaý ýa-da emläk” manysyny berýär.
  • Şwesiýa beýleki ýurtlardan zir-zibilleri satyn alýar. Şwesiýalylar ondan elektrik alýarlar. Galyndylaryň diňe 4% -i ýere gömülýär, esasy böleginden bolsa arzan energiýa alynýar.
  • Amerikaly alymlaryň pikiriçe, pişikler daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär. Olar haýwanlaryň 30-dan gowrak görnüşini ýok etmegiň sebäpkäri bolýarlar. Diňe Amerikada pişikler takmynan 20 milliard süýdemdirijiler we 4 milliard töweregi guşuň ýok bolmagyna sebäp bolýarlar.
  • Geçen asyrda “Nike” sport kompaniýasy mundan beýläk gaýtadan işlemek üçin dürli ýurtlardaky köne krossowkalar üçin kolleksiýa nokatlaryny açdy. Gaýtadan işlenen aýakgaplar sport meýdançalarynyň örtügi üçin ulanylýar.
  • Ylymlar toplumy hökmünde ekologiýa biologiýa, himiýa, matematika, geografiýa, epidemiologiýa, biogeohimiýa, sosiologiýa we fizika ýaly ylymlar bilen baglanyşyklydyr.
  •  «KraftFoods» iňlis kompaniýasy kofe galyndylarynyň hasabyna işleýän elektrik bekedini gurdy.
Ýagmyr Gammyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/cuyse-onumlerini-onduryan-gosmaca-onumhana-gurlar/

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir