SIZDEN GELENLER

Ekerançylykda ekin dolanyşygyny netijeli guramagyň ähmiýeti

 Häzirki wagtda adamlaryň oba hojalygynda öndürilýän ter we ýokary hilli önümlere bolan islegleri has-da artýar. Olaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmakda, oba hojalygynda peýdalanylýan ýerleriň gurplylygyny ýokarlandyrmakda, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmakda hem-de alnyp barylýan önümçilik işleriniň netijeli bolmaklygyny gazanmakda ekin dolanyşygynyň aýratyn uly ähmiýeti bardyr.

Dünýä ekerançylygynyň synagyndan geçen ekin dolanyşygy toprakdaky bolup geçýän dürli hadysalara we ekinleriň ösüp ýetişmegine hemme taraplaýyn peýdaly täsiri bardyr. Onuň täsirliligi  öňi bilen ekin meýdanlaryndaky ekinleriň ylmy taýdan esaslandyrylyp düzülen toplumyna ýagny, ekin dolanyşygy üçin haýsy ekinleriň saýlanyp alynýandygyna baglydyr.

Ekin dolanyşygy – bu ekin meýdalarynda ekinleriň ylmy taýdan esaslandyrylyp, ýyllar boýunça çalşyrylyp ekilmegine aýdylýar. Ekinleri çalşyryp ekmeklik, toprak bejergisi, suwaryş düzgünleri, dökünleriň ulanylyşy, ekinleri gorap saklamak we tohumçylyk ýaly tutuş ekerançylyk ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr.

Oba hojalyk ekinlerini ylmy taýdan dogry çalşyp ekmekligi, topragyň iýmit elementlerini baýlaşdyrmagy we dökünleriň ýerlikli sarp edilmegini, toprakda ösümlikler üçin ýaramly şertleriň döremegi, haşal otlaryň, zyýankeş mör-möjekleriň hem-de dürli keselleriň köpelip ýaýramagynyň öňüni almagyny üpjün edýär. Oba  hojalyk ekinlerini haýsy-da bolsa bir meýdanda uzak möhletleýin çalşyrylman ekilende topragyň gurplulyk derejesiniň we ekinleriň hasyllylygynyň peselýändigi mälimdir. Üýtgewsiz ekin netijesinde çykýan ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ekerançylykda ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak zerurdyr.

Ekin dolanyşygy ykdysady taýdan hem ähmiyetli bolup durýar. Ol ýerleri we tehnikany netijeli peýdalanylmagyna uly ýardam berýär. Şeýle hem ekinleriň dürli möhletlerde ýetişýän görnüşlerini ekmegiň hasabyna ýylyň ähli paslynda zähmeti maksada laýyk meýilnamalaşdyryp bolýandygy we zerur bolan agrotehniki çäreleri amatly möhletlerde geçirmäge mümkinçilik döredýändigi bilen esaslandyrmak bolar. Ýöne, bu zatlaryň gymmatyny diňe ahyrky netije bilen kesgitlemek mümkindir. Ekin dolanyşygy dogry alnyp barlanda topragyň gurplulygy yzygiderli artýar. Bu bolsa öz gezeginde ekinlerden ýokary hilli we köp mukdarda hasyl almaga ýardam edýär. Netijede,  ekerançylykda zähmet öndürijiligi ýokarlanýar we  önümiň özüne düşýän gymmaty peselýär. Maldarçylygyň ot-iým üpjünçiligi ýokarlanýar.

Ekin dolanyşygy üçin topragyň gurplylyk derejesiniň bir wagtda az harajat sarp edip ýokary hasyl almaga ýardam edip biljek çyzgytlaryny işläp düzmek hem zerurdyr.

Ekin dolanyşygyny geçirmekde esasy ulanylýan ekinler:

– Kőpýyllyk kősűkli otlar – ýorunja, klewer we esparset;

– Bir ýyllyk kősűkli däneli ekinler – mäş, kűnji, noýba, nohut;

– Giň hatarly ekinler – mekgejőwen, gűnebakar, şugundur;

– Gűyzlik däne ekinler we ş.m.

Ekin dolanyşygy üçin esasy ulanylýan ekinleriň biri ýorunjadyr. Ol topragy organiki maddalar we azot bilen baýlaşdyrýarlar, topragyň strukturasyny gowulandyrýar. Şoňa görä-de bu ekinler gowaça, gök bakja, mekgejöwen, günebakar we hemme beyleki ekinleri ekmek üçin ekin dolanyşygynda giňden peýdalanylýar. Ol topragy gurplandyryjy serişde hökmünde uly ähmiýete eýedir. Onuň kökünde azot toplaýjy bakteriýalar ýaşaýarlar. Şonuň üçin hem ýorunja toprakda köp mukdarda biologiki azot toplamaga ukyplydyr.

 

Kadyrow Ýunus,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

 

 

Türkmen-rus ylalaşyklaryna gol çekiler

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty