SPORT

Dzýuba özüne topar tapdy

Russiýanyň “Zenit” topary bilen has uly şöhrat gazanan Russiýanyň güýçli hüjümçilerinden Artýom Dzýuba özüne täze topar tapdy. “Zenit” toparyndan soňra Türkiýede hem birnäçe wagtlygyna futbol oýnan Dzýuba “Lokomotiw” toparyna geçýär.

Rus metbugatynda berilýän habara görä, Artýom Dzýuba we Igor Smolnikow mundan beýläk “Lokomotiw” toparynda oýnar. Moskwanyň topary bu futbolçylar bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär.

Dzýuba lukmançylyk barlagyndan geçip, derrew şertnama baglaşar. Smolnikow bolsa, toparyň indiki türgenleşik döwründe onuň hataryna goşular.

Möwsümiň galan böleginde futbolçylaryň aýlyk haky 2,5 million rubl bolar.

Iki futbolçy hem häzirki wagtda erkin futbolçy hökmünde çykyş edýär. Dzýuba “Adana Demirspor” toparyny bilen şertnamasyny ýatyryp, erkin futbolçy bolupdy. Smolnikow bolsa “Torpedo” topary bilen şertnamasyny ýatyrypdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi