Ýaňy-ýakynda dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky güwanamanyň ýurdumyza gelip gowuşmagy halkymyzyň, şol sanda dutar ussalarynyň hem göwün guşuny ganatlandyrdy.
Milli saz gurallary – medeni mirasyň uly ähmiýetli bölegidir. Olar maglumatlaryň gymmatly gatlagyny özünde jemläp, aýdym-saz ýörelgeleriniň kemala gelmeginiň we ösüşiniň gözli şaýadydyr. Milli saz gurallarynyň ösüşi, olaryň kämilleşdirilmegi we nesilden nesle geçmegi – munuň özi, şol sanda milli özboluşlylygy görkezýän ýagdaýdyr.
Türkmenler hemişe bagşy-sazandalara aýratyn sarpa goýupdyrlar. Bagşylaryň gazanan abraý-derejesinde eline düşen tut agajy janlandyryp, owaz berýän dutar ussalarynyň hem paýy az däl.
Türkmen halkynyň belli saz guraly dutar Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Şonuň üçin-de dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirişi boýar. Şol sebäpli-de gündogar halklarynda oňa dutar diýýärler. «Du» arap-pars dilinde «iki», «tar» bolsa kiriş diýmekdir. Dutar barada halk köp rowaýatlar döredipdir.
Dutary parahatçylykly döwrüň, asuda günleriň toý-märekesinde çalsaň, diňleseň, täsiri başga bolýar. Ol göwünleri galkyndyrýar. Türkmenistanyň medeniýet işgärleri rowaýata öwrülen şahslar – milli saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edýän bagşylar we dessançylar hakynda öz döredijilikleri arkaly gürrüň berip geldiler. Halkymyzyň köp asyrlyk aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan dutar, gadymy döwürlerden bäri halk aýdymçylarynyň sazyny ýetiripdir.