SIZDEN GELENLER

Dünýäniň iň uzyn derýasy

Nil derýasy baradaky gyzykly maglumatlar, dünýädäki iň uly derýalar barada öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Gadymy müsürliler ýaşaýşyň çeşmesi hasaplap, Nil derýasyna aýratyn ähmiýet beripdirler.

Bahar suw joşmalarynda derýanyň suwlary topragy çyglylyk bilen doldurýar, şonuň netijesinde adamlar dürli ekinleri we gök önümleri ösdürip ýetişdirip bilýärler. Ýer ýü­zü­niň iň uzyn der­ýa­sy bo­lan Nil hem Af­ri­ka­nyň bir­nä­çe ýur­dun­dan ge­çip, Or­ta­ýer deň­zi­ne guý­ýar.

  • Häzirki wagtda Nil dünýädäki iň uzyn derýa – 6852 km. Şeýle-de bolsa, Braziliýaly alymlaryň pikiriçe, bu ugurda öňdelik Amazonka degişlidir.
  • Nil derýasynyň suwlary diňe bir topragy suwarmak üçin däl, eýsem elektrik energiýasy öndürmek üçin hem giňden ulanylýar.
  • Nil derýanyň 10 ýurduň çäginden akýar.
  • Nil derýasynyň çeşmesi Ruandadar.
  • Nil Afrikanyň iň köp suwly, iň uzyn we iň giň derýasy hasaplanýar.
  • Derýa basseýniniň meýdany takmynan 3,349,000 km².
  • Nil, Demirgazyk Afrikada Saharanyň içinden akyp geçip, Ortaýer deňzine barýan ýeke-täk derýa bolup, suwsuz çölde ýaşaýyş çeşmesi bolup durýar.
  • Nil derýasynda krokodilleriň köp sanlysyna duş gelmek bolýar.
  • Nil derýasynyň jülgesinde ýerleşýän Müsüriň şäherlerinde ýurduň ilatynyň agramly bölegi ýaşaýar.
  • Nil deltasy 24,000 km² meýdany tutýar.

Wepaberdi Durhanow, TOHU-nyñ talyby.

 

 

 

Ulag diplomatiýasynyň aýdyň ýoly

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri