MEDENIÝET

Dünýäniň iň gymmat we iň uly muzeýi açyldy

Müsür Arap Respublikasynda dünýäniň iň gymmat hem-de iň uly muzeýi açyldy. Takmynan 1 milliard dollar sarp edilip gurlan muzeýiň gurluşygy üçin 20 ýyldan gowrak wagt gerek boldy.
Häzirki wagtda muzeý dolulygyna aylman, belli bir bölegi hyzmat berýär. Muzeýiň resmi açylyş dabarasyna çenli ony 4 müň golaý adamyň baryp görjekdigi bellenilýär. Muzeýde gadymy Müsüriň taryhy gymmatlyklary ýerleşdirildi. Oňa her ýyl 3 milliona golaý syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.
Muzeý 12 zaldan ybarat bolup, her zalda 15 müň taryhy eserler ýerleşdiriler. Şeýle hem bu ýerde Tutanhamonyň guburyndaky gymmatly şaý-sepler hem ýerleşdiriler. Muzeý taslamasynyň ýolbaşysy Eýssy Zidanyň bellemegine görä, muzeýiň zallary öňdebayrjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy we her zalda multimediýaly tanyşdyrylyş wideoýazgylary görkezilýär. Ol ýerde garymy müsürlileriň durmuşy beýan edilýär.

Zallaryň birinde gadymy Müsüriň şalarynyň jaýlanyş däp-dessurlary wirtula görnüşde açylyp görkeziler.

Gizadaky uly Müsür muzeýiniň guluşygyna 2005-nji ýylda girişildi. Onuň resmi açylyş dabarasy 2020-nji ýylyň tomsunda göz öňünde tutulypdy.

Ýene-de okaň

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi