SIZDEN GELENLER

Dünýäde ykrar edilen gymmatlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

 Mahmal ýaly jadylaýjy sesleri we şirin mukamlary bilen bagşylar ülkämiziň owadan giňişliklerini, tebigatyny,      şöhratly  taryhyny we milli gymmatlyklaryny wasp edipdirler.

                                                                 (“Ile döwlet geler bolsa…”, 39-njy sahypa)

Dünýäde adam üçin zerur zat kän. Emma olaryň käbirleri iňňän, aýratyn ähmiýetli hasaplanylýar. Ynsan üçin örän ähmiýetli we zerur, adamlar tarapyndan edinilmegi islenilýän, oňatlyk, gözellik, peýdalylyk hökmünde kesgitlenilýän zatlara gymmatlyk diýilýär.  Gymmatlyklar öz ýeri we ähmiýetligi boýunça milli we umumadamzat häsiýetde bolýarlar. Gymmatlyklaryň esasy maksady bolsa, adamlara ýaşamaga, ýaşaýyşda öňlerinde maksat goýmaklyga, şol maksada tarap hereket etmeglige itergi bermekden ybaratdyr.

Gymmatlyk milletiň döredijilik ukybynyň derejesiniň görkezijisidir. Dünýäniň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen – özüniň bäş müňýyllyk gahrymançylykly taryhynda gymmatlyklaryň tutuş ulgamyny döretmegi başaran millet. Türkmeniň döreden maddy gymmatlyklary-da, ruhy gymmatlyklary hem sanardan köp.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ýaýmak dogrusynda tutumly we netijeli işler amal edilýär. Il – gün bähbitli we dünýä ähmiýetli bu meseläniň çözgüdi hil taýdan täze derejä çykdy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň başynda dünýäniň iň abraýly ynsanperwer halkara guramasy bolan ÝUNESKO-dan gelip gowşan buşluk munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara Komitetiniň 16-njy mejlisinde “Dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny” bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça karar biragyzdan goldanyldy. Ol karar ýene-de bir türkmen gymmatlygynyň dünýäde ykrar edilendiginiň güwänamasydyr. Bu bolsa dünýäniň türkmeni täzeden açýandygyny aňladýar. Çünki şeýle gymmatlyklaryň sanawy birsyhly artýar.

Dutar we bagşyçylyk – türkmen ruhynyň özeni. Dutar gadym döwürlerden bäri her bir türkmen maşgalasynyň törüniň bezegi bolupdyr. Dutaryň owazy her bir türkmeniň hemişelik hemrasy.  Dutar ady rowaýata öwrülen Göroglynyň hem göwün telwaslaryny owaza besläp bilen guraldyr. Dutar beýik Magtymgulynyň oý-pikirlerine sazandaçylyk edip bilen guraldyr. Dutar tutuş simfoniki orkesträm çalyşmaga ukyply guraldyr.

Bagşyçylyk – türkmeniň gadymy sungaty. Türkmen halky bagşyçylyga toplumlaýyn, iňňän inçelik bilen çemeleşipdir. Ol türkmeniň ýaşaýyş durmuşynyň tutuş süňgüne ornaşypdyr. Bagşyçylyk etmek, bagşyny diňlemek, bagşyçylyga sarpa goýmak her bir türkmeniň ömrüniň manysyna öwrülipdir. Bagşyçylyk halypa – şägirtlik ýörelgelerini ýola goýmaga ýardam edipdir. Irki döwürlerden bäri ussatlygyny il içinde tanadan bagşylar hünär kämilleşdirmekde halypa-şägirtlik ýoluna eýeripdirler. Olar öz halyplaryndan ugur alyp, aýdym – saz sungatynyň  gymmatlyklaryny gorap saklamagy we ösdürmegi ýola goýupdyrlar.  Türkmende bagşyçylygyň inçeden yzarlanýan ýollary kemala gelipdir. Türkmen aýdym-sazyň iki sany pirini (Baba Gammar we Aşyk Aýdyň) döretmegi başaran, megerem, ýeke-täk milletdir!

Milli gymmatlyklary dünýä ýaýmak diňe dünýäde ykrar edilen Milli Lideriniň bolmagynda başartýar. Gahryman we Mähriban Arkadagymyzyň sapasy bilen dünýä dolýan gymmatlyklarymyzyň höwri köp bolsun!

                                        Aknur Wepaýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen döwlet mugallymçylyk  institutynyň mugallym – stažýory.

 

Norwegiýa ähli çäklendirmeleri ýatyrdy

 

                                                   

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika