MEDENIÝET

Dünýä boýunça geçirilen barlagda ene-atanyň islegi

Elbetde, perzent söýüp, ene-ata bolmagyň bagtdygyna hiç kim garşy cykmasa gerek. Yöne bu çaga terbiyelemegiň gaty kyn işdigini aradan ayyrmayar. Ene-ata diňe bir çagasyny söymek bilen çäklenmän, eysem onuň kadaly ösmegi üçin amatly şertleri hem döretmelidir. Bu mesele bolsa hem fiziki, hem akyl taydan gaty yadadýar. Şol sebäpli täze doglan bäbeklere seredyän ene-atalar çagany iymitlendirmek, götermek, suwa düşürmek,ýatyrmak, gulak agyry, diş agyry, ic sanjysy yaly bäbeklerde bolyan yagdaylary yeňip gecmek üçin köp energiya harçlayarlar Bir soz bilen aydanyňda, çaga seretmek biziň nerwimizi oran dartgynlaşdyryp bilyar. Hut şonuň ucin hem ene-atalaryň kopusi oyde cagalar bilen galmagyň uzak günläp işde bolmakdan has kyndygyny boyun alyarlar. Hatda käbir işleyan ene-atalar, caltrak işlerine gaydyp barmak ucin zähmet rugsady gutaryança hem garaşyp bilmeyärler.

Bu mesele bilen bagly geçirilen gozlegde ene-atalaryň köpüsiniň işde däl-de, cagalary bilen öyde has kop stres duyyandyklary anyklandy.

Oňa dünýäniň dürli yurtlaryndan müňlerçe ene-atalar gatnaşdy. Gecirilen gözlegiň netijeleri:

  • Ene-atalaryň 31 göterimi çagalar bilen öyde bolmak, işe gitmekden

has dartgynly diyip boyun aldylar;

  • 40 göterimi ilkinji çagasy dünýä inenden soň beyleki ene-atalary yazgarmagy bes edendiklerini aytdylar;
  • 55 göterimi ene-ata bolmaklygy, hatda daşyndan goldaw berilende hem kyn iş hasaplayarlar;
  • 25 göterimi üçin çaga terbiyelemek aňsat;
  • 45 göterimi garrylaryň maslahaty bolmasa, kyncylyk cekip biljekdiklerini aytdylar;
  • 39 göterimi özlerini hemişe yadaw duyyandyklaryndan zeyrendiler;
  • 27 göterimi göreldeli ene-ata bolup boljakdygyna ynanyar;
  • 22 göterimi täze doglan cagalaryň ilki bilen iymitleniş endikleri barada alada edyar;
  • 9 göterimi çagalaryň ukusyndan aladalanyar;
  • 42 göterimi ilkinji çagasy dunya inende soz bilen beyan edip bolmajak caksiz soygini başdan gecirendiklerini gürrüň berdiler.

Bu netijelere seredeniňde-de, häzirki zaman ene-atalaryň caga terbiyelemekde köp kynçylyklara duçar bolyandyklaryny bilmek bolyar. Aydyşlaryna görä, olara bu

yeňil bolmadyk işe cydamaga diňe cagalarynyň olara eçilyan mähir we şatlyk duygusy komek edyär.

 

“Älem gözeli” kim boldy?

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary