Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi resmi taýdan açyldy. Bu halkara forum Ýakyn Gündogardaky koronawirus pandemiýasy başlandan bäri geçirilýän iň uly çäreleriň birine öwrüldi.
Aslynda, Bütindünýä sergisi geçen ýyl geçirilmedi. Ýöne epidemiologiýa we sanitariýa ýagdaýlar iri halkara sergisiniň geçirilmeginiň möhletini yza süýşürdi. Ilkinji gezek Bütindünýä sergisi ýatyrylman, yza süýşürildi.
Dubaý şäherindäki «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi üçin 7 milliard dollar möçberinde maliýe serişdeleri gönükdirilip, uly toplum guruldy. Serginiň dabaraly açylyş çäresi toplumyň merkezindäki Al-Wasl gümmeziň astynda geçirildi.
190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda geçirilýän halkara sergi 182 gün dowam eder. Onuň çäklerinde dünýä döwletleri özüniň innowasion ösüşleri, ykdysadyýetde, tehnikada, ylymda we medeniýetde gazanan üstünliklerini görkezer.
25 MILLION SYÝAHATÇA GARAŞYLÝAR
2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam etjek bu foruma 25 million syýahatça garaşylýar. Sergini eýýäm “döredijiligiň, innowasiýanyň, ösüşiň we medeniýetiň ýeňşi” diýip atlandyran gurnaýjylar, bu ýere geljek myhmanlar üçin güýmenje çärelerini we interaktiw görkeziş bilen baý maksatnama taýýarladylar. Myhmanlar dünýä halklarynyň däp-dessurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik alarlar.
Dünýäniň ähli ýurdunyň raýatlary Birleşen Arap Emirliklerine baryp, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi tomaşa edip bilerler. Munuň üçin olaryň “COVID-19” ýokanjyna garşy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň biri boýunça doly sanjym edilen bolmaly. Sergä gatnaşmak üçin bolsa, 18 ýaş we şondna uly ýaşly adamlar koronawirus ýokanjyna garşy test tabşyryp, onuň hem negatiw netijenamasyna eýe bolmalydyr.
Sergi 400 futbol meýdançasy bilen deňeşdirip boljak ýerde ýerleşýär. Çäräniň ýer eýeleri – Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) ispan arhitektory Santiago Kalatrawa tarapyndan taýýarlanan gar-ak pawilýon gurdy. 15 müň inedördül metr meýdany bolan 4 gatly pawilýon beýgelýän laçynyň ganatlaryndan ylham alýar.
AÇYLYŞ DABARASY
«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurduň esasy ýolbaşçy düzümi gatnaşdy. Olaryň hatarynda Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary şeýh Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan, Premýer-ministr, wise-prezidetn şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň baş komissary Nahaýýan ben Mubarek Al Nahaýýan, Dubaýyň mirasdüşer şazadasy şeýh Hamdan ben Muhammed Al Maktum dagy gatnaşdy.
1000 adamdan ybarat topary 90 minutlyk soňky tehnologiýalaryň kömegi bilen üýtgeşik şüweleň görkezdiler. Al Wasl gümmeziniň aastynda geçirilen konsert maksatnamasy dünýäniň ähli ýerine göni ýaýlymda alnyp berildi.
TÜRKMENISTAN DÖWLETIMIZ HEM GATNAŞÝAR
«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Şol Gutlag hatynda: “Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugyny «Türkmenistan
— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany » diýip yglan etdik. Çünki Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giň işligine işjeň goşulmaga gönükdirilen tagallalarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanýandygynyň ýene- de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.” – diýlip bellenilýär.
EKSPO SERGISI BARADA…
«EKSPO» Bütindünýä sergisi her 5 ýyldan bir gezek geçirilýär. Ilkinji «EKSPO» Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda London şäherinde geçirildi. Soňky gezek Bütindünýä sergisi 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilipdi. Oňa 145 döwlet öz pawilýony bilen gatnaşypdy we sergä tomaşa etmek üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan 22,2 million adam Milana barypdy.
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisini gurnamak hem-de kabul etmek üçin Dubaý bilen bir hatarda San-Paulu (Braziliýa), Izmir (Türkiýe) we Ýekaterinburg (Russiýa) bäsleşipdi.