SIZDEN GELENLER

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda birnäçe işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýän bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, sowatly, ukyply bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu bolsa, gözel Diýarymyzda ökde, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde bilimiň hilini ýokarlandyrmakda täze talaplar bildirilýär. Bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-zehinlerini ýüze çykarmaklary, birnäçe daşary ýurt dillerini gowy özleşdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we ony 2018—2024-nji ýyllarda durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda täze özgertmelere badalga berdi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamynyň işläp başlamagy ulgama döwrebap özgertmeleriň ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Bu ulgam bilen okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini görüp bolýar. Onda okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berilýär. «E-mekdep» ulgamy ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek, olaryň bilimine goldaw bermek üçin peýdaly usuldyr.

Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürýärler. Olara sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde oňyn mümkinçiliklerden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesil — Diýarymyzyň mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdebiniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň gülläp ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ynsanlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir.

Aýdyň geljege rowaç gadamlar bilen barýan asuda, abadan ýurdumyzyň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täzeçe röwüş çaýýar. Bu günki gün türkmen ýaşlary döwrebap bilim öwrenip, halkara derejesindäki bäsleşiklere, olimpiadalara ynamly gatnaşýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ösüşli döwrümizde ýaşlara bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda yhlasly zähmet çekmek bagtyýarlykdyr. Şonuň üçin bu günki günde bilim işgärleri, mugallymlar okatmagyň iň döwrebap usullaryndan ugur alyp, ýaşlaryň bilim derejesini ösdürýärler, ýaş nesli milli ruhda terbiýeleýärler. Bu günki alnyp barylýan her bir iş ylmy esasda guralýar. Ylym ähli ösüşleriň gözbaşy bolup, belent üstünliklere ýetmekde möhüm ugur bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ylmyň iň täze gazananlary bolan innowasion tehnologiýalar bilim ulgamynda hem üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi döwrümiziň beýik ösüşlere beslenýändigini, uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri amala aşyrylýar. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şertleri döredýär. Ýaş nesiller ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde hem-de Watanymyzyň öňdebaryjy dünýä döwletleriniň hataryndaky ornuny saklamagyny gazanmakda alnyp barylýan bimöçber işlere özleriniň goşantlaryny goşýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ulgamyň işini döwrebap guramaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesini öwrenmek, sanly bilim ulgamyna geçmek ýaly ugurlarda alnyp barylýandygy bilen tapawutlanýar. «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynda bilim edarasynda bilim işiniň guralyşyna bildirilýän umumy talaplar bellenilendir. Kanunda bellenilişi ýaly, tehnologiýalar, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalar, elektron okuw hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalary bilim işinde ulanylýar. Bilim tehnologiýalarynyň kemala getirilmegi innowasion usullara we sanly ulgamlara, şeýle hem okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklarynyň şertlerine esaslanýan bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň we okuw işiniň guralyşynyň ugurlary bilen häsiýetlendirilýär.

Halkymyz hemişe ylymly adamlara uly hormat goýup gelipdir. Şonuň üçin şu günki ylmy nazaryýetde hem kämil milli düşünjeler orun alýar. Talyplara berilýän bilim başarnyklary, ylmy ugurlar milli düşünjeler bilen has-da baýlaşdyrylýar. Munuň özi olaryň milli terbiýe bilen ylmyň täze basgançaklaryna galmaga ruhlanýanlygyny aňladýar. Häzirki bagtyýarlyk döwri ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi, milli sanly ulgamlaryň çäkleriniň giňligi ýaşlara ylym ulgamynda kämilleşmäge ýardam edýär. Ylym bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek bolsa mugallymlar üçin buýsançdyr.

Gülşat Berdiýewa, Ýüpekgül Öräýewa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Matematika usuly birleşmäniň mugallymlary. 

Ýene-de okaň

Iňlis diliniň britan we amerikan görnüşleriniň arasyndaky aratapawutlar

Ata Watan Eserleri

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Saglyk – ýeke-täk baýlyk

Ata Watan Eserleri

Terbiýe — bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Dil-kämilligiň açary