SIZDEN GELENLER

Döwletli ýörelgeler dünýä ýaýylýar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen köpugurly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara maslahatyň Türkmenistanda guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden baýram ediljek ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowuşýan hoş habarlar her birimize şatlyk eçilýär. Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen bagly hoş habaryň täsirinden çykmankak, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habar şatlygymyzy goşalandyrdy.
Milli Liderimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy beýik işleriň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdan, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmekden, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň ençemesi bilen ykdysady, medeni, gumanitar we ylym, bilim babatynda hyzmatdaşlygy giň gerimde ýola goýýar. Häzirki döwürde energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi sebitiň we dünýäniň ösüşi, umumadamzat bähbitleri üçin täze mümkinçiliklerdir.
Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň ählumumy ösüşini we asudalygyny, bagtyýar halkyň abadançylykda, bolelin durmuşda ýaşamagyny kepillendirýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän daşary syýasat ugry bilen ýurdumyzyň halkara abraý-derejä göterilýändigine we dünýäniň syýasy giňişliginde ornuny berkidýändigine şaýatlyk edýär.
Bägül Gurbanlyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
“Bank işi” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Milli arhiwiň ähmiýeti

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri