SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda çykyş edýän “Bellator” ýaryşynyň çäginde nobatdaky tutluşygyna çykar. Onuň nobatdaky tutluşygyndaky garşydaşy slowenıvaly Ýakob Nedoh bolar

Bu tutluşyk 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde bolar.

Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde birnäçe tutuluşyga çykdy. Ol soňky gezek 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda garşydaşy polşaly Maseý Ružanskini ýeňipdi.

Şeýle hem Ýagşymyradow “Bellator 292” ýaryşyň çäkerinde emin agzalarynyň çykaran karary bilen litwaly Žulias Anglikasy ýeňmegi başarypdy.

Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda “Bellator” ýaryş gurnaýjy kompaniýasy bilen şertnama baglaşypdy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler