SIZDEN GELENLER

Döwletde ýaşlaryň orny

Türkmenistanda ýaş raýatlaryň ösüşine, bilim, hünär derejesine, iş we durmuş üpjünçiligine, sosial goraglylygyna we geljegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurtda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň mysalynda hem muňa ýadyň göz ýetirmek bolýar.  Çünki Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine  gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar.

Bu ugurda ýaşlaryň ähli babatdaky sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet resminamalary kabul edilýär. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky syýasatyň hukuk binýady hem berkidilip, ol milli kanunçylygymyzyň düzümlerinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda ýaşlar bilen bagly ähli resminamalarda, kanunçylyk namalarynda we döwlet maksatnamalarynda hem-de meýilnamalarynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda şeýle bellenilýär: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär».Ýeri gelende bellesek, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda döredilip, ol ýaşlar syýastaynyň ýörelgelerini hukuk taýdan düzgünleşdirýär. Bu kanun VIII baby we 56 sany maddany özünde jemleýär.

Şeýle hem häzirki wagtda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we bu Maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy binýatlyk resminamalar hökmünde ýaşlar bilen alnyp barylýan işleriň esasyny düzýär. Bu resminamalara laýyklykda sagdyn nesilleri kemala getirmäge, ýaş maşgalalary we ýaşlar toparlaryny durmuş taýdan goldamaga, ylym-bilimi ösdürmäge, olary innowasiýanyň toplumlaýyn ösüşine çekmäge, oýlap-tapyşlara we uly taslamalara höweslendirmäge gönükdirlen umumymilli we halkara derejeli çärleriň toplumy göz öňünde tutulýar.

Bilşimiz ýaly, degişli kanunçylyga laýyklykda Türkmenistanyň 14 ýaşdan 30 ýaşa çenli ýaşdaky raýatlary ýaşlar hasaplanylýar. Diýmek, biziň ýurdumyzyň ilatynyň epesli bölegini ýaşlar eýeleýär. Türkmenistanyň ýaş raýatlary bilim almak, hünär öwrenmek bilen ýurduň syýasy, medeni we ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine, hünärli we başarnykly, sagdyn we kämil paýhasly bolup ýetişmeklerine, halkara tejribesini özleşdirmeklerine, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmaklaryna döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda ýokary ähmiýet berilýär.Munuň şeýledigine ýurdumyzda ýokary bilimli, inženerleriň, tehnologlaryň, arhitektorlaryň, žurnalistleriň, diplomatlaryň, agranomlaryň, geologlaryň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we beýleki ulgamlaryň hünärmenleriniň täze nesliniň kemala gelmeginiň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Şulardan ugur almak bilen bolsa biz, geljekde hem ýaşlaryň milli we daşary syýasatymyzdaky ornunyň barha ýokarlanjakdygyny uly ynam bilen aýdyp bileris.

Maral Nuryýewa,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

 informatika institutynyň mugallymy.

“Samsung” “Volkswagen” modellerine 5G goldawyny hödürlär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti