Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary, Aýazbaba, Garpamyk, 2024-nji ýylyň nyşany bolan luw, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnanypdyrlar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, zehinli çagalaryň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa etdi.
Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdymlaryň, sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Meňli”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdiler.
Döredijilik toparlary bilen birlikde, aýdymçylar hem sungatdaky başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ählisi döwlet derejesindäki birnäçe bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň hem ýeňijileridir. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň, häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, tans sazlaryny we folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Ýurdumyzyň ussat we höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary hem ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olar milli mirasymyzdan ylham alyp, dünýä medeniýetiniň gymmatlyklary, ähli gyzykly täzeçillikler üçin hem açykdyrlar.
Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara süýjülik torty hödürlenildi.