BIZNES

Donald Tramp jemgyýetçilik torundan gazanyp başlady

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp özüniň döreden jemgyýetçilik torundan 430 million dollar gazandy. Onuň emlägi 3 milliard dollara çenli ýokarlandy. Bu barada “Forbes” neşiri habar berýär.

Ýaňy-ýaňylar hem Trampyň baýlygy birneme azalypdy. 2020-nji ýylyň awgusty bilen 2021-nji ýylyň marty aralygynda 2,33 milliard dollara çenli azalypdy. Ol hem amerikan lideriniň ofis emläkleriniň bahasynyň azalmagy bilen baglanyşykly boldy. Pandemiýa döwründe köp sanly firmalar uzak aralykdan işlemeli boldy.

Häzirki wagtda Trampyň “Truth Social” jemgyýetçilik torunyň kapitalynyň artmagy bilen ABŞ-nyň ozalky Prezidenti 3 milliardlyk derejä ýetdi.

Geçen ýylyň güýzünde Tramp ilkinji gezek “Forbes” neşiriniň sanawynda ilkinji 400-iň arasynda ýokdy. 1997-2016-njy ýyllarda Tramp öňdäki orunlary eýeläp gelipdi.

 

Çempionlar Ligasy: “Liwerpul” ýarym finala bir ädim golaýlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary