SIZDEN GELENLER

Dokma senagaty ösüş ýolunda

Dokma senagaty ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw bilen bu pudak iň depginli ösýänleriň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagyna we bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine köp möçberde maýa goýumlar gönükdirildi we gönükdirilýär.

Häzirki wagtda dokma önümçiligine degişli 70-den gowrak kärhana, şol sanda iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokmaçylyk önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi ilkilenç gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.

Iri göwrümli maýa goýumlar diňe bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmegine däl-de, eýsem  bar bolan kärhanalaryň esasynda ekologiki taýdan arassa önümleri öndürýän täze önümçilikleriň ondan gowragynyň döredilmegine gönükdiriler. Bu kärhanalarda “Spunlace” we “Spunbond” dokalmaýan materiallaryň önümçiligine, şeýle hem zenanlar üçin matalaryň täze görnüşleriniň önümçiligine badalga berildi. Mundan başga-da, sport lybaslar üçin ýokary hilli matalaryň önümçiligi üçin ýörite enjamlar ornaşdyryldy. Düýe we geçi ýüňüni gaýtadan işleýän kärhana hem awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar.

Ýurtda dowam edýän dokma kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri “Türkemnistanda öndürildi” belgili ýokary hilli önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berer. Paýtagtymyzdaky Aşgabt dokma toplumy, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy, Jinsi toplumy, şeýle hem Ruhabadyň we Gökdepäniň dokma toplumlary bu işiň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler ýokary hili, görnüşiniň köpdürliligi, elýeter bahasy bilen içerki hem-de daşarky bazarlarda islegli harytlardyr.

Ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty­na eýe bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, dok­ma se­na­ga­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gaý­ta­dan iş­le­ýän ul­ga­my­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Oba zäh­met­keş­le­ri­niň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren ak pag­ta­la­ry dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Onuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­ly önüm­ler bi­len bäs­le­şip bil­jek ha­ryt­lar eme­le gel­ýär. Dok­ma pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty­nyň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy do­wam ed­ýär.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da ýyl­lyk kuw­wa­ty 3650 ton­na nah ýüp­lü­ge ba­ra­bar bo­lan dok­ma top­lu­my­nyň hem-de Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da ýyl­lyk kuw­wa­ty 3300 ton­na in­çe sü­ýüm­li ýüp­lü­ge ba­ra­bar bo­lan dok­ma top­lu­mynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatyna kuwwat goşdy. Bu täze dokma toplumlary öndürijiligi üstünlikli alyp barýan öňki dokma kärhanalarynyň üstüni ýetirdi.

Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala» nyşanly, Aşgabat dokma toplumynyň «Goza» nyşanly, Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» nyşanly tikin-trikotaž önümleri, Gypjak dokma toplumynyň «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň önümleri daşary döwletlerde hem meşhurlyga eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş belentliklerine çykan dokma pudagynyň kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa ýüplükden taýýarlaýan dürli hili önümleri daşary döwletlerde iň bir uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hillidigi dünýäde ykrar edildi. Halkara gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasy, daşary döwletleriň dokma barlag institutlary tarapyndan Türkmenistanyň dokma pudagynyň kärhanalaryna «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy» boýunça ISO 9001, «Daş-töweregi goramak» boýunça ISO 14001 hem-de «Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy goramak» boýunça OHSAS 18001 güwänamalary berildi.

Aýjan Ataýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

 

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze metjitler gurlar

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti