SIZDEN GELENLER

Dokma pudagynyň üstünlikleri

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde möhüm ugurdyr.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde senagatlaşdyrylmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, dokma senagaty pudagyna goýulýan maýa goýumlar yzygiderli artdyrylýar. Şonuň hasabyna täze zawoddyr fabrikler gurlup, ulanmaga berilýär. Dokma önümleriniň hili ýokarlandyrylyp, täze önümler we brendler döredilýär.

Ähli welaýatlarda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak, dokma önümlerimiziň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegini gazanmak, görnüşlerini artdyrmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli mahabat-maglumat taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn wezipeler amala aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlyk ýolundaky ynamly gadamlary bolup durýar.

Dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we eksportuny artdyrmak, import harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek işleriniň dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýär.

Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala» nyşanly, Aşgabat dokma toplumynyň «Goza» nyşanly, Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» nyşanly tikin-trikotaž önümleri, Gypjak dokma toplumynyň «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň önümleri daşary döwletlerde hem meşhurlyga eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş belentliklerine çykan dokma pudagynyň kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa ýüplükden taýýarlaýan dürli hili önümleri daşary döwletlerde iň bir uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hillidigi dünýäde ykrar edildi.

Aygül  Kakabaýewa, TOHU-nyñ talyby.

 

Gadymy şäher başgaça atlandyrylýar

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri