DÜNÝÄ

Dünýäniň 2-nji uly gaz käni üçin turba satyn alnar

Türkmenistanda ýerleşýän dünýäniň 2-nji uly gaz gorune eýe bolan “Galkynyş” gaz känindäki burawlamak işleri üçin dürli ölçegde turbalary satyn almak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni “Sumitomo Corporation Europe Ltd.” (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen turbalary satyn almak babatda degişli şertnama baglaşar.

Uglewodorod serişdelerine baý bolan Türkmenistan nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýär.

Şonuň netijesinde, ýurduň çägindäki gaz känlerini senagat taýdan özleşdirilmegine uly üns berilýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň daşary ýurtly hyzmatdaşy bilen baglaşjak täze şertnamasy ýurdumyzyň iri gaz känini özleşdirmäge giň mümkinçilik döreder.

Bu gaz käni şol bir wagtda sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň serişdeler binýady bolup hyzmat eder. “Galkynyş” gaz käni gorlary boýunça Günorta Pars (Eýran-Katar) ýatagyndan soňra ikinji orunda durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy