JEMGYÝET

“Disneýland” täzeden açyldy

Hytaýda koronawirus sebäpli birnäçe aýdan bäri ýapyk bolan Şanhaý şäherindäki “Disneýland” seýilgähi täzeden açyldy. Seýilgähe belli bir araçäk saklamak şerti bilen myhmanlar kabul edilip başlandy.

Çagalaryň hem-de ulularyň wagtyny gowy geçirmek üçin dürli derejedäki attraksionlary we beýleki hyzmatlary özünde jemleýän “Disneýland” seýilgähiň mümkinçiliginiň 30 göterimini ulanylar. Bu hem her gün 24 müň adamy kabul edip boljakdygyny aňladýar.

Şanhaýdaky “Disneýland” seýilgähiniň petekleri geçen hepdäniň anna güni satylyp başlandy. Petekler birnäçe sagadyň dowamynda  gutardy.

Seýilgähiň içinde hem işgärler hem-de myhmanlar degişli sanitar çärelerini berjaý etmeli bolýarlar.

Halkara metbugatyndaky habarlara görä, Şanhaýdaky “Disneýlandyň” işläp başlamagy, dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky şeýle seýilgähler üçin hem nusga bolup biler.

Bu seýilgähleri işlerini dolandurýan “Walt Disney” kompaniýasynyň girdejisi 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde 20 göterim azalyp, 5,5 milliard dollar çenli azaldy.

Ýene-de okaň

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri