SIZDEN GELENLER

Dil – üstünligiň açary

Eziz Watanymyzyň bilim ulgamy jemgyýetiň ösüşini şertlendirýän, ähli ulgamlarda üstünlikleri gazanmaga badalga berýän, öňe iterýän güýç-kuwwaty özünde jemleýän ulgam bolup, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin berk binýat döredýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň çäklerinde ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim bermegiň iň kämil usullaryndan giňden peýdalanylýar, döwrebap usullar üstünlikli alnyp barylýar. Ýaş nesle döwrebap bilim bermekde bilim ojaklarynda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti has-da uludyr.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet tarapyndan aýratyn goldaw berilýär hem-de ol Baş Kanunymyzyň ýörite maddalary bilen kepillendirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimizde ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine giňden ýardam berilýändigi bellenilýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli hem-de ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olarda oturdylan döwrebap enjamlar, düýbi tutulýan täze binalardyr desgalar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmegiň häzirki ileri tutulýan döwründe türkmen dilini kämil öwrenmek hem juda möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky aladalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, milli gymmatlyklara we ene dilimize sarpany kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýaşlara nusgawy edebiýaty öwretmek, çeper eserlerdäki gadymy sözleri düşündirmek asylly ýörelgämizdir.

Şeýle hem ýurdumyzda türkmen dili bilen bir hatarda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Daşary ýurt dilini bilmek ylym we tehnologiýanyň köp ugurlary boýunça hünärmenleriň geljekde üstünlik gazanmagynyň açarydyr. Şonuň üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga çalyşýan we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak tehniki uniwersitetleriň esasy wezipesidir.

Daşary ýurt dilini öwrenmek ýady we pikiri ösdürýär, adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrýar, gözýetimini giňeldýär, milli medeniýete we ene diliniň aýratynlyklaryna has gowy düşünmäge kömek edýär. Soňky döwürde diňe bir hünärmenleriň we dilçileriň däl, eýsem, beýleki adamlaryň hem daşary ýurt dillerine gyzyklanmasy artýar. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurt dilleriniň ilatyň ähli gatlaklarynyň diýen ýaly aňyna we işjeňligine täsir etmekdäki orny barha artýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda dil öwrenmek ýaşlaryň mekdep döwründen başlanýar. Şeýle hem mekdebe çenli ýaşdaky çagalara hem daşary ýurt dilleri hakynda düşünje berilýär. Umuman dil öwrenmek we dünýä dillerini özleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, täze tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri barada yzygiderli alada edýän, ýaşlar üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Arzuw Setdarowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri