Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyzda eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili bolan nesil terbiýesine berilýän üns barha güýçlenýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdeleridir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözleriniň, türkmen ýaşlarynyň kämil bilim-terbiýesine gönükdirilen maksatnamalaýyn tutumly işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bu günki gün taryha ýazylýan wakalarda ähli aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Ýaş nesil babatda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda hem täze, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basan çagalara hormatly Prezidentimiziň sowgady hökmünde noutbuk kompýuterleriň gowşurylmagy sanly tehnologiýalaryň zamanynda ýaş nesliň döwür bilen aýakdaş gitmegi babatda edilýän taýsyz tagallalardan bir mysaldyr.
Ine, şeýle ajaýyp döwürde ähli bilim edaralarynda okatmagyň täzeçil usullary giň gerimde ornaşdrylyp, ýaşlara döwrebap bilimler berilýär. Ýurdumyzyň başlangyç synp okuwçylaryna hem-de çagalara baglarynda ýaş çagalara döwrebap edep-terbiýe bermek, mekdebe taýýarlamak ugrunda hünärmenleri ýetişdirýän Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde hem ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Ýaş hünärmenleriň daşary ýurt dillerini hem öwrenmegi ugrunda tagalla edilip, dünýäde giňden ýaýran rus dilini okatmagyň hem döwrebap usullary ornaşdyrylýar.
Rus dili dünýä (global) dilleriň biridir. Dil bu derejesine XX asyrda eve boldy. Rus diliniň ýaýramagy esasan hem häzirki Russiýanyň alyp barýan işleriniň netijesi boldy. Rus diliniň derejesi dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynda berkidildi, bu ýerde rus alty resmi halkara diliniň biri hökmünde kabul edilýär.
XX asyryň başynda takmynan 150 million adam rus dilinde gürläp bilýän bolsa, bu hem esasan Rus imperiýasynyň çäginde ýüze çykypdyr. Soňky 90 ýylda rus dilinde gürleýänleriň sany takmynan 350 million adama ýetdi, olaryň agramly bölegi Russiýanyň çäginde, galan bölegi bolsa Russiýanyň esasy hyzmatdaşlary bolan ýurtlarda ýaşaýarlar.
Rus diliniň ýaýramagy boýunça (dilde gürleýänleriň umumy sany) 2022-nji ýylda rus dili dünýäde sekizinji orny eýeledi. 2013-nji ýylyň mart aýynda rus dili internetde ulanmak boýunça ikinji ýeri eýeledi. 2024-nji ýylyň 7-nji maýyna çenli internet ulanylyşy boýunça 6-njy orunda durýar.
Rus dili Russiýada we Belarusda döwlet we resmi dildir. Rus dili Gazagystanda we Gyrgyzystanda döwlet edaralarynyň resmi dili hasaplanýar. Moldowanyň we Rumyniýanyň birnäçe dolandyryş bölümlerinde rus dili resmi dilleriň biri hökmünde ykrar edildi. Şeýlelik bilen, Täjigistanda rus dili, konstitusiýa laýyklykda, “milletara aragatnaşygyň dili” bolup, kanun çykarylanda resmi taýdan ulanylýar. Nýu-Ýork ştatynyň käbir okruglarynda saýlaw bilen baglanyşykly resminamalar rus diline terjime edilýär. Özbegistanda rus dili raýat hasaba alyş bölümlerinde ulanylýar.
Azerbaýjanda rus dili daşary ýurt diline eýe. Soňky maglumatlara görä, ýurduň ilatynyň takmynan 70% -i rus dilinde gürleýär. Ermenistanyň ilatynyň 70 göterimi rus dilini bilýär. Rus dili diňe bir Ýewraziýa sebitinde däl, eýsem Ýewropa hem-de Amerika yklymynda hem giňden ýaýrandyr. Germaniýanyň ilatynyň 6 milliony rus dilini bilýär. 6-njy iýunda BMG tarapyndan 2010-njy ýylda döredilen Halkara rus dili güni Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününde bellenilýär.
Dünýä dillerini kämil öwrenmek dürli dillerde halkymyzy, Watanymyzy wasp etmek, milli medeniýetimizi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, edebiýatda, medeniýetde, oba hojalygynda gazanylýan belent sepgitleri dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Eziz Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara derejeli çärelerde talyp ýaşlaryň meýletinçi hökmünde gatnaşmaklary guwandyryjy görkezijidir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda dünýä dilleri boýunça çäreleriň geçirilmegi halkara çärelerine taýýarlykly barmagy, talyp ýaşlary suhangöýlük we terjimeçilik sungatynda, daşary ýurt dillerini oňat öwrenmekde, döredijilikde başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýaş nesliň kämil ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, daşary ýurt dillerini gowy bilýän, ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda edilýän aladalar örän buýsandyryjydyr. Ajaýyp zamanamyzda okamaga, döretmäge, bilim almaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge zerur şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.