Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda bolýan Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde sebit halklarynyň milli tagamy bolan palowyň bişiriliş usullary bilen tanyşdy. Bu barada Özbegistanyň “gazeta.uz” internet neşiri habar berýär.
Dewid Kameron şäheriň restoranlaryň birinde palowyň bişirilýän pursatlarynyň şaýady boldy. Oňa gazanyň gapagyny açmagy we palowy garyşdyrmagy ynandylar.
Beýik Britaniýanyň öňki Premýer-ministri Dewid Kemeron palowyň görnüşine we ysyna haýran galyp, palowy garyşdyrandan soňra ýanyndakylara “Meni işe alýarsyňyzmy?” diýip, degişme äheňinde palow tagamynyň özünde galan täsirlerini beýan etdi.
