PEÝDALY MASLAHAT

Derňew meselelerinde ýüze çykýan soraglara jogaplar (dowamy)

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda derňew meseleleri bilen bagly ýüze çykýan soraglara  şeýle jogaplar berilýär.

Jenaýat işi kazyýete iberilip, kazyýetde seredilmänkä haýyşlar ýa-da şikaýatlar kime bildirilmeli?

Jenaýat işi boýunça deslapky derňew tamamlanyp, seretmeklik üçin kazyýete iberilen ýagdaýynda adwokat, jebir çeken we onuň wekilleri, raýat hak isleýjisi, raýat jogap berijisi ýa-da olaryň wekilleri prokuror tarapyndan habarly edilýär. Şondan soňra işiň kazyýetde seredilmändigine garamazdan, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 114-nji we 329-njy maddalaryna laýyklykda, şol iş boýunça haýyşlar we şikaýatlar gös-göni kazyýete iberilmäge degişlidir.

Ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde girew ulanylan ýagdaýynda girewi kim goýup bilýär hem-de onuň möçberi näçe bolmaly?

Güman edilýäniň we aýyplanýanyň derňewden hem-de kazyýetden gizlenmeginiň, jenaýat işi boýunça hakykatyň anyklanmagyna päsgel bermeginiň we jenaýatly işler bilen meşgullanmagynyň öňüni almak maksady bilen olar babatynda ätiýaçsyzlandyryş çäreleri ulanylýar. Girew hem şeýle çäreleriň giňden peýdalanylýan görnüşleriniň biridir. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 153-nji maddasyna laýyklykda, girewi güman edilýäniň ýa-da aýyplanýanyň özi ýa-da başga adamlar, şol sanda edara görnüşindäki taraplar hem goýup bilýärler. Emma, şol edara görnüşindäki taraplaryň döwletiň eýeçiliginde bolmazlygy hökmany talapdyr. Girew bank edaralarynyň üsti bilen ony bellän edaranyň gozgamasyz (depozit) hasabyna geçirilýär. Goýulýan girewiň möçberi iň pes zähmet hakynyň elli essesinden az bolmaly däldir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýyndaky 5594 belgili Permany esasynda, jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary 300 manat hasaplanylýar. Şeýlelik-de, girewiň möçberi 15 000 manatdan az bolmaly däldir. Eger, özi barada girew ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adam babatynda kazyýetiň aýyplaw hökümi çykan ýagdaýynda, girewiň ýigrimiden bir () bölegi döwletiň haýryna geçirilip, galan on dokuz bölegi girew goýan adama gaýtarylyp berilýär. Eger, şol adam barada kazyýetiň aklaw hökümi çyksa ýa-da kazyýet ýa-da derňew edaralary tarapyndan jenaýat işi ýatyrylsa, goýlan girew tutuşlygyna gaýtarylyp berilýär. Güman edilýän ýa-da aýyplanýan ätiýaçsyzlandyryş çäresiniň düzgünleri bozan ýagdaýynda goýlan girew dolulygyna döwletiň haýryna geçirilip bilinýär.

«Saňa öýlenjek» diýip aldap, zyna gatnaşygynda bolan adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekilýärmi?

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasyna laýyklykda, zyna gatnaşygyny zorlukly diýip hasaplamak üçin, esasan üç sany kesgitlemelere salgylanmak zerur. Birinjisi, fiziki zorlugyň ulanylmagy; Ikinjisi, haýbat atmak bilen gorkuzylmagy; Üçinjisi bolsa, jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanylmagy, ýagny, jebir çekeniň gartaşandygy, kiçi ýaşlydygy, maýypdygy, aň ösüşiniň yza galaтdygy, agyr derejeli serhoşdygy sebäpli we beýleki ýagdaýlara görä aýyplanýana garşylyk görkezmezligi ýa-da görkezip bilmezligi. Emma, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 2006-njy ýylyň 6-njy awgustyndaky «Aýal-gyzlary zorlamak baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda» 1 belgili kararyna laýyklykda, aýal-gyzlary aldamak ýa-da olaryň ynamyndan hyýanatly peýdalanmak arkaly, olary zyna gatnaşygyna razy eden adamyň hereketlerine, mysal üçin durmuş gurmagy öňünden wada berip, şol sanda pul ýa-da başga gymmatlyklary, islendik hereketleri ýa-da hereketsizlikleri wada berip, aldap onuň bilen zyna gatnaşygynda bolunmagyna zorluk hökmünde garalmaýar. Şol sebäpli hem, olar jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişli bolup durmaýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýat işleri haýsy gulluk tarapyndan derňelýär we olar sorag edilende kimler gatnaşdyrylýar?

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 224-nji maddasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilen islendik işler içeri işler edaralarynyň sülçüleri tarapyndan derňelmäge degişli. Emma, aýratyn jemgyýetçilik ähmiýeti bolan ýagdaýlar we derňewi başga edaranyň dowam etdirmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýa-da onuň orunbasarynyň ýazmaça razylygy esasynda derňew edarasy üýtgedilip bilner. Kämillik ýaşyna ýetmedik adam jenaýat işine güman edilýän ýa-da aýyplanýan hökmünde gatnaşanda, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 512-nji maddasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedigiň ýaşyna garamazdan, onuň ata-enesiniň ýa-da başga kanuny wekiliniň, olar ýok halatynda hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň wekilleriniň gatnaşdyrylmagy hökmandyr. Şol kodeksiň 514-nji maddasyna laýyklykda, güman edilýän ýa-da aýyplanýan on alty ýaşyna ýetmedik ýa-da akyl taýdan ösüşinde yza galýan bolsa, mugallymyň, psihologyň gatnaşdyrylmagy hem hökmany bolup durýar. Başga ýagdaýlarda mugallym zerurlyga görä gatnaşdyrylyp bilner. Eger kämillik ýaşyna ýetmedigiň kanuny wekiliniň hereketleri onuň bähbitlerine zyýan ýetirýändigi ýa-da işiň dogry derňelmegine päsgel berýändigi barada ýeterlik esaslar bar bolsa, ol jenaýat işine gatnaşmakdan çetleşdirilip we onuň başga bir kanuny wekili işe gatnaşdyrylyp bilner. Kodeksiň 254-nji maddasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedik jebir çeken ýa-da şaýat hökmünde sorag edilýän bolsa, onda olar on dört ýaşyna ýetmedik bolsa, mugallym çagyrylýar. On dört ýaşdan geçen ýöne on alty ýaşa ýetmedik bolsa, mugallym sülçüniň garaýşyna görä çagyrylyp bilner. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 82-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyny doldurmadyk adamlar kämillik ýaşyna ýetmedikler diýlip ykrar edilýär.

Daşary ýurda okamaga gitjek raýatlaryň dykgatyna

 

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär