SPORT

De Bruýneniň karýerasyndaky ilkinji “poker”

Angliýanyň “Premýer Liga” milli çempionatynyň çempiony bolmak ugrundaky ýaryş gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Çempionlyk üçin “Liwerpul” bilen “Mançester Siti” toparlary bäsleşýär.

Sişenbe güni “Liwerpul” topary “Aston Willa” toparyny 2:1 hasabynda utup, “Mançester Siti” topary bilen utuk sanyny deňlän hem bolsa, çarşenbe güni “Mançester Siti” topary “Wulwerhempton” toparyny 5:1 hasabynda ýeňip, ýene-de 3 utuk öňe saýlandy.

“Mançester Siti” topary bilen “Wulwerhempton” toparynyň arasyndaky duşuşygyň ykbalyny Kewin De Bruýne kesgitledi. Ol duşuşygyň 25-nji minutda 3 gol geçirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda hem ýene-de bir gol geçiren Bruýne karýerasyndaky ilkinji “pokerini” gazandy. Ýagny ol bir duşuşykda ilkinji gezek 4 gol geçirmegi başardy.

– Bir duşuşykda 4 gol geçirmek örän möhümdir. Galyberse-de, gollaryň sany 5 bolup bilerdi – diýip, Bruýne habar berdi.

Şeýlelikde, çempionatyň tamamlanmagyna 2 hepde galanda “Mançester Siti” toparynyň 89, “Liwerpul” toparynyň bolsa 86 utugy bar.

 

 

“Inter” 8-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri