BIZNES

Dawos forumy yza süýşürildi

Her ýylyň ýanwar açynda geçirilýän Bütindünýä Ykdysady Forumy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylyň tomsuna yza süýşürilendigini “TASS” habarlar gullugy habar berýär. Bütindünýä Ykdysady Forumyň ýerine ýetiriji direktory Edrian Monk hünärmenlere ýüzlenip, ýanwar aýynda Dawosda forum aç-açan geçirmegiň mümkin däldigini düşündirdi.  Mundan başga-da direktor BYF-yň 25-nji ýanwardan başlap ýokary derejeli sanly “Dawos Dialog” atly çäresini geçirjekdigini habar berdi. Bu çärede Liderler 2021-nji ýylda dünýäniň ýagdaýy barada öz pikirlerini paýlaşarlar.

“Bütindünýä Ykdysady Forumy” Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasydyr. Gurama her ýyl Dawosda işewür ýolbaşçylary, syýasy ýolbaşçylary we dürli ugurlar boýunça ussat hünärmenleri duşurýar. BYF-yň 1000 töweregi iri kompaniýalary we guramalary bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary