Dil öwrenmek adam üçin täze bir dünýäni, täze gapyny açýar. Aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolan dil häzirki wagtda diňe aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirmän, eýsem, bütin dünýäde bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm açara öwrüldi.
Islendik döwletiň binýadynyň berkligi, ilkinji nobatda, ykdysady pudagyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesi gönüden-göni şol döwletiň ykdysady taýdan ösüşine bagly bolup durýar. Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek we ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin döwlete giň dünýägaraýyşly, sowatly, Watana wepaly hünärmenler gerek. Şonuň üçin hünärmenlere daşary ýurt dillerini öwretmek möhüm bolup durýar.
Daşary ýurt dili dersi ýaşlaryň bilimlerine, umumy dünýägaraýşyna, pikirlenişiň ösüşine we giňelmegine mynasyp goşant goşýar. Daşary ýurt dillerini özleşdirmek döwri talyplara akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini öwrenmeklik şahsyýetiň kemala gelmegine, ýaş nesliň watançylyk, dostluk we ululara hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine şert döredýär.
Dil öwrenmek ylym-bilim durmuşynda gaty derwaýys hasaplanýar. Bir dil öwrenmek ol dildäki ähli maglumatlaryň gapysynyň saňa açylmagy diýmekdir. “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”, “Dil bilen dünýäni gezer” diýen ýaly parasatly jümleler ýöne ýere aýdylan däldir.
Ösýän dünýä şertlerinde dürli hünär ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň öz hünärlerine ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerinde daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki islendik bilimi, dersi özleşdirmekde daşary ýurt edebiýatlaryny, dünýä tejribesini, internet täzeliklerini şeýle hem innowasiýalary bilmek hökmanydyr. Daşary ýurt dillerinden baş çykarýan islendik hünärmen maglumatlara baý bolýar. Maglumatlary ýeterlik bolan islendik hünärmeniň bolsa hünärinde ussatlyk derejesine ýetjegi ikuçsyzdyr.
Daşary ýurt dilleri babatda iňlis dili has giňden ýaýran dilleriň biridir. Häzirki wagtda iňlis dili özara düşünişmek, söwda, tehnologiýa we döwletara gatnaşyklarynda iň köp ulanylýan dil hasaplanýar. Bu dil nemes taýpalarynyň Beýik Britaniýa gelmegi bilen kämilleşip başlaýar. Ol Beýik Britaniýanyň köp böleginiň ene dili hökmünde kabul edilýär. Häzirki zaman iňlis dili fransuz, nemes, latyn we köne iňlis dilleriniň goşulmagyndan emele gelipdir. Dünýäde iňlis dilinde ene dili ýa-da ikinji dil hökmünde gepleýänleriň sany 1,5 mlrd-a ýetýär.
Maýa Amanowa, S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.