SIZDEN GELENLER

“Daş kömelekleri”

Kappadokiýa – Kiçi Aziýanyň gündogarynda häzirki Türkiýäniň çäginde ýerleşýän sebit bolup, diýseň täsin görnüşi bilen meşhurdyr. Bu sebitiň esasy aýratynlygy hem “daş kömelekleri” diýlip atlandyrylýan sütünleridir. Konus şekilli sütünler siňe seretseň, hamala ýerden ösüp çykan kömelek ýaly bolup görünýär. Bu sütünler geomorfologiki nukdaýnazardan, iki sany hadysanyň, ýagny wulkanyň işjeňliginiň we erroziýanyň netijesidir. Sütünleriň käbiriniň beýikligi 40 metre çenli ýetýär. Irki wagtda (on million ýyl ozal) sebitiň territoriýasynda wulkanyň işjeňliginiň güýçlenmegi netijesinde tektoniki hadysalar ýüze çykyp, bu zona öz täsirini ýetiripdir. Bu hadysalar netijesinde giň meýdanda galyňlygy 100-300 metre deň bolan çökündi gatlagy emele gelip, uly belentligi emele getiripdir. Soňra suw erroziýasynyň netijesinde çökündiler belli derejede ýok edilip, diňe sütün görnüşli daş gaýalary saklanyp galypdyr. Her sütüniň ýokarsynda hem “gapak” görnüşli daş bölegi saklanan. Wagtyň geçmegi sebitde wulkan işjeňligi we erroziýa hadysalary azalyp, täsiri peseldi. Häzirki wagtda bolsa bu ýerde özüniň täsin “daş kömelekleri” diýen ady bilen meşhur bolan daş sütünleri görenleriň ünsüni özüne çekýär.

Aýsoltan Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün

Ýylyň şygary – milli buýsanjymyzyň ykrary

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy