DÜNÝÄ

Daniýanyň şa zenany tagty ogluna berer

Daniýanyň şa zenany Margrete II 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan tagtdan çekilýändigini habar berdi. Ol 52 ýyldna bäri Daniýanyň şa zenany bolup gelýär. Bu barada Margrete II Täze ýyl gutlagynda habar berdi we Patyşa köşgüniň saýtynda mälim edildi.

– Geçen ýylyň fewral aýynda operasiýa edildim. Lukmanlaryň kömegi bilen ähli zat gowy geçdi. Bu operasiýa maňa geljegim barada pikirlenmäge mümkinçilik berdi. Ol hem jogapkärçiligi geljek nesle bermek pikirini emele getirdi. Men häzir iň amatly wagt diýip, pikir edýärin. 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda 52 ýyldan soňra tagty özümiň orunturarym, oglum şazada Frederige bermegi makul bildim – diýip, şa zenany belläp geçdi.

Häzirki wagtda Daniýanyň şa zenany Margrete II 83 ýaşyndadyr. Ol 1972-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda tagta çykypdy.

Ogly Frederik Andre Henrik Kristian 1968-nji ýylyň 26-njy maýynda dünýä indi. Ol 1993-nji ýylda ABŞ-daky Garward uniwersitetini tamamlady. 1995-nji ýylda Orhus uniwersitetinde syýasy bilimler ugry boýunça kandidatlyk derejesini aldy. Tagtyň miraşdüşeri Daniýanyň Ýaragly güýçleriniň dürli düzümlerinde gulluk etdi.

Ol öýlenen we 4 çaganyň atasy. Daniýanyň we daşary ýurtlaryň birnäçe baýraklarynyň eýesidir.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri