SIZDEN GELENLER

Çüýşe agajy

Brahihitonlar dünýä ýüzündäki ajaýyp ösümlik görnüşleriniň biridir. Brahihiton urugyna Awstraliýanyň we Täze Gwineýanyň subtropiki, tropiki howa şertlerinde ösýän, hemişe gök öwüsýän ýaprakly agaçlaryň hem-de gyrymsy agaçlaryň 30 töweregi görnüşi degişlidir. Brahihitonlaryň çygly hem-de gurak ýerlerde ösýän görnüşleriniň biri-de çüýşe agaçlarydyr. Olar bu ada esasy sütüniniň çüýşe şekiline eýe bolmagy bilen alypdyrlar. Çüýşe agajynyň esasy sütüniniň gabygy galyň hem-de gaty, ýylmanak bolup, köplenç goýy ýaşyl reňkdedir. Bu aýratynlygy bolsa onuň gabygyna fotosintez hadysasyny geçirip organiki maddalary sintezlemäge ýardam edýär. Bu aýratyn hem gurak ýerde ösýän görnüşleri üçin has-da ähmiýetlidir. Subtropiki ösümlikleriň köpüsi ýaly bular hem baharyň başynda ýapraksyz ýagdaýda gülläp başlaýarlar. Gülleriniň reňki gülgüne reňkdedir. Ösüp çykan ýapraklarydyr gülleri ýaşyna baglylykda öz görnüşine eýe bolup başlaýar. Tohumlary arkaly köpelýärler. Boýy 15 metre çenli bolup, ýogyn sütüniniň dimetri 3-4 metr töweregidir. Çüýşe agajy Awstraliýanyň ýerli ilaty tarapyndan köptaraplaýyn peýdalanylýar. Gurakçylyk döwürlerinde agajyň ýapraklary mallar üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Şeýle-de baldagyndan süýji şire bölünip çykýar, bişen tohumlary ýerli halk tarapyndan gowrulyp ýa-da çig ýagdaýda ulanylýar. Geň galdyryjy taraplarynyň ýene-de biri agajyň kökleri hem örän tagamly bolup, ol hem iýmit hökmünde, şeýle hem lukmançylyk maksady bilen giňişleýin peýdalanylýar.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Tokio-2020: altyn medal ugrunda çekeleşikli bäsdeşlik

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys