DÜNÝÄ

COP-28: metan zyňyndylaryny azaltmak üçin 1 milliardlyk gazna

Dubaý şäherinde dowam edýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji maslahatynda(COP28) metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri görmek üçin 1 milliard dollarlyk grant görnüşindäki maliýe serişdeleriniň jemlenendigi mälim edildi. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri habar berdi.

– Men şu gün Birleşen Ştatlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, beýleki hökümetleriň, guramalaryň we hususy pudagyň halkara maslahatda metan zyňyndylaryna garşy göreşmek üçin 1 milliard dollardan gowrak muzdsuz kömek hökmünde serişdeleriň jemlenendigini yglan etmekden şatdyryn – diýip, Kerri belläp geçdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu serişdeleriň bir bölegi ösüp gelýän ýurtlara gönükdiriler.

Kerri bu başlangyja iri nebit kompaniýalarynyň, şol sanda “BP”, “Eni”, “Equinor”, “Occidental Petroleum”, “Shell” we “Total” ýaly kompanilary goşulyp, 25 million dollar bölüp bermegi wada berendiklerini aýtdy.

Dünýädäki nebit önümçiliginiň 40 göteriminden gowragyny emele getirýän 50-e golaý nebit we gaz kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary azaltmak baradaky düzgünnama gol çekdi.

Metan, planetany ýylatmakda kömürturşy gazyndan has güýçli gazdyr.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri