BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisi (COP-28) öz işine başlady. «Dubai EXPO City» sergiler merkezinde geçirilýän mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.
Bu sammitiň açylyş dabarasynda çykyş eden Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan 30 milliard dollar möçberinde täze howa gaznasynyň dörediljekdigini yglan etdi.
– Global howa babatda çözgütleri kabul etmek üçin 30 milliard dollar möçberinde gaznanyň döredilýändigini yglan etmekden hoşaldyryn. Gazna global howa çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir – diýip, irleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan belledi.
Dubaýda geçirilýän bütindünýä sammitine 150-ä golaý döwletden wekiliýet gatnaşýar. 1-2-nji dekabrda sammite gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary we hökümet başlyklary howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öz ýurtlarynyň garaýyşlaryny beýan eder.
12-nji dekabra çenli dowam etjek maslahata dürli ýurtlardan 70 müňden gowrak wekiliýet gatnaşar. Bu gezekki maslahat şu wagta çenli geçirilen bütindünýä howa sammitiň iň köp wekiliýetli maslahaty boldy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýrodaky sammitde kabul edildi. 2 ýyldan soňra güýje girdi. Häzirki wagtda bu konwensiýa 197 döwlet goşuldy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty 1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.
Bu gezekki sammite BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bir hatarda Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III we başga-da köp sanly döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşýar.