SPORT

Çempionlar ligasynyň nobatdaky duşuşyklary

Ýewropa yklymynyň futbol boýunça iň abraýly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Çempionlar ligasynda 1/8 final duşuşyklarynyň nobatdaky oýunlary oýnaldy. Onda Angliýanyň “Çelsi” topary öz meýdançasynda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyny, Italiýanyň “Napoli” topary bolsa, Ispaniýanyň “Barselona” toparyny kabul etdi.

“Çelsi” bilen “Bawariýanyň” duşuşygynda oýnuň ykbaly ikinji ýarymynda çözüldi. “Bawariýa” topary myhmançylykda “Çelsi” toparynyň derwezesinden 3 jogapsyz pökgi geçirdi. 51-nji we 54-nji minutlarda Gnabri we 76-njy minutda Lewandowski tapawutlandy. Şeýlelikde “Bawariýa” nobatdaky tapgyra çykdy diýen ýaly.

Beýleki duşuşyk deňme-deň tamamlandy. Italiýanyň “Napoli” topary 1:0 hasabynda öňe çykdy. “Barselona” topary oýnuň ikinji ýarymynda hasaby deňledi. Duşuşyk 1:1 tamamlandy.

25-nji fewral:

“Çelsi” – “Bawariýa”       0:3

“Napoli” – “Barselona”   1:1

26-njy fewral:

“Real Madrid” – “Mançester Siti”

“Lion” – “Ýuwentus”

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi