SPORT

Çempionlar ligasynyň finalynda “Lion”-yň ýeňşi

Zenanlaryň arasynda Çempionlar ligasynyň finalynda “Lion” topary Germaniýanyň “Wolfsburg” toparyny ýeňdi. Final duşuşygy 3: 1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň ilkinji pökgüsi 25-nji minutda Ejeni Le Somme geçirdi. Bu topuň kömegi bilen futbolçy, ýaryşdaky gollaryň sany boýunça dördünji orny eýeledi. Şeýle hem Saki Kumagaýyň geçiren goly netijesinde öňdebaryjylygyny artdyrdy. Ikinji ýarymda “Wolfsburgyň” hüjümçisi Aleksandr Popp bir jogap pökgini geçirdi. Duşuşygyň ahyrynda Sara Býork Gunnarsdottir toparyň soňky üçünji goluny geçirip, hasaby kesgitledi. “Lion” toparyňyň bu ýaryşda ýedinji ýeňşi. Fransuz topary ýaryşda ýeňişleriň sany boýunça rekordyny saklap gelýär.

Related posts

Transfer täzelikleri: “Liwerpul” Kabagy aldy

Germaniýanyň futbol toparlaryndan ýokary girdeji

Ata Watan Eserleri

Messi Amerikanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri