SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sentýabrda köpçülikleýin sanjyma girişiler

Russiýanyň «Sputnik V» diýlip atlandyrylan koronowirusa garşy sanjymynyň köpçülikleýin öndürilip başlanjak wagty hem mälim boldy. Ýurduň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşkonyň aýtmagyna görä, sanjym sentýabr aýynda köpçülikleýin öndürilip balanar.

Ministr köpçülikleýin öndürmek üçin ilkinji ädimleriň we synag tapgyrynyň şol bir wagtda ädilendigini aýtdy. Sanjymy synagdan geçirmäge 2,5 müň meýletinçi gatnaşdy.

Täze sanjym ilki bilen lukmanlara we mugallymlara urlar. Ondan soňra bolsa beýleki adamlara urlup başlar. Umuman, sentýabr aýynda Russiýanyň ilatynyň aglaba bölegine bu sanjymy urmak meýilleşdirilýär we bu işler şu ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

Related posts

BSGG-den sanjym şahadatnamasy barada

Ata Watan Eserleri

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Awstriýa saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri