DÜNÝÄ

Gyrgyz Respublikasy baş baýramyny belledi

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäheriniň merkezindäki Ala-Too meýdançasynda, ýurduň garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, premýer-ministr Kubatbek Boronow, Prezident administrasiýasynyň wekilleri, hökümet agzalary we ilçiler, alymlar, medeni we sungat işgärleri hem-de žurnalistler gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Prezident Sooronbaý Jeenbekow gyrgyz halkyny we ýurtda ýaşaýan beýleki milletleriň wekillerini şanly baýramçylyk bilen gutlady we garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler barada durup geçdi. Baýramçylyk dabarasy konsert maksatnamasy bilen tamamlandy.

Related posts

Türkmenistan Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşýar

Türkiýe Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky 3 taraplaýyn ähtnamany tassyklady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranda saparda bolar