SPORT

Germaniýada ýylyň iň gowy futbolçysy

Germaniýada ýylyň iň gowy futbolçysy yglan edildi. Bu baýragy “Bawariýa” toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski eýeledi. Germaniýanyň sport žurnalistleri birleşiginiň agzalarynyň arasynda geçirilen pikir soralmada, polýak futbolçy 276 ses bilen ýeňiş gazandy. Lewandowski geçen möwsüm “Bawariýa” toparynda 47 oýuna çykyp, 55 gezek gol geçirmegi başardy. Hüjümçiniň topardaşlary Tomas Müller (54) we Joşua Kimmih (49) ikinji we üçünji orny eýeledi.

Related posts

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

Dünýä çempionaty-2022: Italiýa çempionata gatnaşyp bilmeýär

Bellingem “Real” toparyna geçdi