SPORT

Kuraş-2023: milli ýygyndymyz «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdiler

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Arkadag şäherindäki jemleýji okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny tamamlap, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdiler.

Myhmanhanada ýakyn günlerde badalga beriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynda Watanymyzyň abraýyny gorajak pälwanlarymyz we olaryň tälimçileri milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, duz-çörek bilen garşy alyndy. Ýörite akkreditasiýa şahadatnamalaryny alan türgenlerimiz döwrebap myhmanhanada özleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen otaglarda ýerleşdiler.

Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin erjel pälwanlaryň 15-si saýlanyp alyndy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň halypalygynda türgenleşýän erkekler milli ýygyndymyzyň düzümine Wepa Awliýakulyýew, Döwlet Hamrakulyýew, Şatlyk Jumanyýazow, Daýanç Omirow, Sanjar Abdyrahmanow, Ruslan Esgerow hem-de Sapa Sapaýew girdi.

Zenanlar ýygyndymyzyň düzüminde Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Gülşat Annaýewa, Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa, Sabina Kadyrowa, Jahan Muhammedowa hem-de Sabina Agajanowa halkara derejeli sport ussady Şirin Kubaýewanyň tälimçiliginde ýaryşa taýýarlandy.

Ýene-de okaň

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri