SPORT

Çempionlar ligasy: “Realyň” ynamly ýeňşi

UEFA-nyň çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda örän çekeleşikli we gyzykly duşuşyklar geçirildi. Bu kubogy iň köp gazanan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary myhmançylykda Angliýanyň “Liwerpul” toparyny 5:2 hasabynda ýeňip, ynamnly ýeňşi bilen indiki tapgyra çykmaga uly mümkinçilik aldy.

Angliýanyň güýçli toparlaryndan “Liwerpul” özüniň meşhur “Enfield” stadionynda “Real Madrid” toparyny kabul etdi. Duşuşygyň eýýäm 14-nji minutynda “Liwerpul” 2:0 hasabynda öňe saýlandy.

Ýöne şondan soňra ispanlaryň şa kluby Karim Benzema we Winisius Žunior bilen hasaby düýpgöter üýtgetdi. Bu duşuşykda her iki toparyň derwezeçileri Tibo Kurtua we Alisson Bekker uly ýalňyşlyklar goýberdi.

“Liwerpul” toparyndan 4-nji minutda Nunýew we 14-nji minutda Mohammed Salah tapawutlandy. “Real Madrid” toparynda bolsa, 21-nji we 36-njy minutlarda Winisius Žunior, 47-nji minutda Militao we 55-nji we 67-nji minutlarda Kairm Benzema tapawutlanmagy başardy.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda Italiýanyň “Napoli” topary myhmançylykda “Aýntraht” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi