SPORT

Çempionlar ligasy: “Real” – “Mançester Siti” we “Milan” derbisi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna bu gezek üstünlik ýa-da garaşylmadyk netije gazanmak başartmady. Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen german toparynyň duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlandy.

Öz meýdançasynda “Bawariýany” 3:0 hasabynda ýeňen “Mançester Siti” topary ýarym finala çykdy.

Ýarym finalda bolsa, “Mançester Siti” toparynyň garşydaşy “Real Madrid” toparydyr. Iňlis toparyna final ýolunda ýene-de bir güýçli topar garaşýar.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygy bolsa “Milan” derbisi bolar. Italiýanyň ýene-de 2 topary “Milan” bilen “Inter” ýarym finalda duşuşar.

“Inter” topary jogap duşuşygynda Portugaliýanyň “Benfika” topary bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady.

Çempionlar ligasynyň ýaryn finalynyň ilkinji duşuşyklary 9-10-njy maýda, jogap duşuşygy bolsa, 16-17-nji maýda bolar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi