SPORT

Çempionlar Ligasy: “Liwerpul” ýarym finala bir ädim golaýlady

UEFA-nyň naýbaşy ýaryşy hasaplanýan Çempionlar Ligasynda 1/4 finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Şonuň netijesinde, myhmançylykda Portugaliýanyň “Benfika” toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başaran Angliýanyň “Liwerpul” topary ýarym finala bir ädim golaýlady.

“Liwerpul” topary 17 minutyň dowamynda garşydaşyny derbi-dagyn etdi. “Liwerpul” topary Konateniň, Maneniň we Diasyň gollary bilen ýeňiş gazandy. Çempionlar ligasynda  myhmançylykda gazanan ynamly ýeňşi bilen “Liwerpul” 10-njy martda “Mançester Siti” bilen Angliýanyň çempionatynda çempionyň ykbalyny kesgitleýji duşuşyga arkaýyn taýýarlanmaga mümkinçilik aldy.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda bolsa, “Mançester Siti” topary “Atletiko Madrid” toparyny öz meýdançasynda 1:0 hasabynda ýeňdi. Sitiniň duşuşykdaky ýeke-täk goluny 70-njy minutda Kewin de Brýune geçirdi.

 

 

Medeniýet-metbugat ulgamy: ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder