SPORT

Çempionlar ligasy: “Bawariýa” ýeňdi, “Atletiko” utuldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygynyň çäklerinde Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary bilen Angliýanyň “Çelsi” topary hem-de Germaniýanyň “Bawariýa” topary bilen Italiýanyň “Lasio” topary duşuşdy.

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary öz meýdançasynda Angliýanyň “Çelsi” toparyndan 1:0 hasabynda utuldy. bu duşuşygyň ýeke=täk hem-de owadan goluny Iliwýe Jiru geçirdi.

“BAWARIÝANYŇ” ULY HASAPLY ÝEŇŞI

Geçen ýyl UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan Germaniýanyň “Bawariýa” topary Italiýanyň “Lasio” topary bilen duşuşdy. Italiýada oýnanan duşuşykda Germaniýanyň “Bawariýa” topary 4:1 hasabynda ýeňdi. Nemes toparynyň gollaryny Robert Lewandowski, Leroy Sane, Musaiala geçirdi. Ýene-de bir goly garşydaş toparyň futbolçysy Akerbi öz derwezesine gönükdirdi.

“Lasio” toparynyň ýeke-täk goluny Hoakin Korrea öz adyna ýazdyrdy.

Bu oýunlaryň jogap duşuşyklary 17-nji martda geçiriler.

24-NJI FEWRALDAKY DUŞUŞYKLAR

“Atalanta” (Italiýa) – “Real Madrid” (Ispaniýa)

“Borussiýa M” (Germaniýa) – “Mançester Siti” (Angliýa)

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär

Saud Arabystany 2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder

Ata Watan Eserleri