SPORT

“Çelsi” we “Benfika” – ilkinji çäýrek finalçylar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlen Angliýanyň “Çelsi” topary öz meýdançasynda bu nemes toparyny 2:0 hasabynda utup, çärýek finala çykdy.

Iňlis toparynyň düzüminde Rahim Sterling we Kaý Hawerts tapawutlandy. “Çelsi” toparynyň tälimçisi Grem Potter bir möwsümde Çempionlar ligasynda 5 duşuşykda ýeňiş gazanan 2-nji iňlis tälimçi boldy.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda Portugaliýanyň “Benfika” topary Belgiýanyň “Brýugge” toparyny 5:1 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, “Çelsi” bilen “Benfika” toparlary çärýek finala çykmagy başardylar.

Şu gün 8-ji mart gijesi “Bawariýa” bilen “PSŽ”, “Tottenhem” bilen “Milan” toparlary duşuşarlar. Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen gije 01:00-da başlaýar.

Ýene-de okaň

Türkmen agyr atletikaçylaryndan 21 medal!

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi