SPORT

“Çelsi” 2-nji gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2020-2021-nji möwsümdäki çempiony belli boldy. Final duşuşygynda Angliýanyň “Mançester Siti” bilen “Çelsi” toparlary duşuşdy.

Portugaliýanyň Porto şäherindäki “Dragao” stadionynda geçirilen duşuşykd 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” topary 2-nji gezek bu abraýly kubogy eýeläp, Ýewropanyň iň güýçli topary boldy. “Çelsi” toparynyň düzümine Kaý Hawerts tapawutlandy.

“Çelsi” topary 9 ýyldan soňra, ýagny birinji gezek 2012-nji ýylda Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Şeýlelikde, “Çelsi” topary Çempionlar Ligasynyň kubogyny 2 gezek gazanyp, köp gazanan toparlaryň arasyna goşuldy.

“Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuhel hem ilkinji gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy.

Çempionlar Ligasynyň kubogynyň final duşuşygynda Ngolo Kante iň gowy futbolçy hasap edildi.

Alaba “Reala” geçdi

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi