JEMGYÝET

Çehiýa Respublikasy Türkmenistana ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan jenap Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy meselelerine aýratyn üns çekildi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmekde gazanylýan netijeleriň  ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Çehiýa Respublikasynyň Ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Related posts

Türkmenabat halkara howa menzilinden howa gatnawlary dikeldildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek zerurdyr

32 ýylda 22 perzent