MEDENIÝET

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan bagşylar we sazandalar gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Açylyp ulanmaga berlen gününden bäri welaýat derejeli iri dabaralaryň, bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasy şol gün has bezemen görnüşe geldi. Sahna welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary bilen bezelipdir. Bu gymmatlyklar halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gözelligini özünde jemläpdir.

Sähel salymdan türkmen aýdym-saz sungatynyň iň naýbaşy eserleriniň ýerine ýetirilip başlanylmagy binanyň 3 müň orunlyk zalyna aýratyn öwüşgin berdi. Tutuş zaly dolduryp oturan mähelle mukamlaryň, şirin labyzly aýdymlaryň jadylaýjy dünýäsine siňdi.

Mälim bolşy ýaly, bäsleşik bagşylaryň we sazandalaryň arasynda geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýlip wasp edilen mukamlar, şirin aýdymlar, ýaşdygyna garamazdan, eýýäm kämillik ýoly bilen öňe ilerlän ýerine ýetirijileriň elinde, dilinde hakyky gudrata öwrüldi. Bäsleşikde aýdym-saz sungatynda tejribe ýüki ýeten halypalardan ybarat eminler topary ýerine ýetirijileriň çalan sazlaryna we aýdymlaryna mynasyp baha berdi.

Sazandalaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gunça Ziýatdinowa bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Akmyrat Hoşyýewe taý tapylmady. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan Akjemal Halmyradowa bilen saýatly medeniýet işgäri Kerim Annagulyýew bolsa bagşylaryň arasynda bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyrynda gündogar sebite wekilçilik ederler.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy