SIZDEN GELENLER

Bütindünýä welosiped güni

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi eziz Watanymyzda welosporta berilýän uly ünsüň nobatdaky dabaralanmasy, bu ugurdaky tagallalaryň halkara derejede ykrar edilmegi bolupdy. Her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy bolsa bu baýramçylyga aýratyn öwüşgin berýär.

Ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny ,«Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilen  Kararnama laýyklykda,  Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli  ýurdumyzyň welaýatlarynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpçülikleýin sport çäreleri  uly ruhubelentlik bilen, guramaçylykly geçirildi. Welosiped sporty boýunça guralýan ýaryşlar, köpçülikleýin ýörişler, maslahatlar  ekologik taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipediň sagdyn durmuş ýörelgesine laýyk gelýändigini subut edýär.

Ylmyň, tehnikanyň haýran galarlyk derejede ösen häzirki döwründe-de, mundan ençeme ýyllar ozal hem dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa ulag serişdesiniň welosipeddigi hemmeler tarapyndan ykrar edilen hakykat. Aslynda, «welosiped» sözi fransuz dilinden terjime edilende, «welocis» — «çalasyn», «pedis» bolsa «aýak» diýmegi aňladýar. Şu terjimeden gönümel ugur alyp, welosiped bilen meşgullanmak diňe aýaklaryň çalasynlygyny artdyrýar diýip pikir etmegiň hakykata laýyk däldigi öz-özünden düşnüklidir. Onuň pikiriň işjeňligini, beýniniň öndürijilik ukybyny ýokarlandyrýandygy, ýatkeşligi, bilime bolan başarnygy gowulandyrýandygy, ýürek urşuny aram ýagdaýa getirýändigi, adamyň şähdini açyp, onda ruhubelentlik döredýändigi ylmy taýdan subut edildi. Mahlasy, welosiped sürmek adamyň on iki süňňüniň kadaly işlemegine oňyn täsirini ýetirýär.

Elbetde, welosiped indi ýüzlerçe ýyldan bäri jemgyýetde ulanylyp gelinýär. Ony gündelik durmuşynda hemra edinýän adamyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryna eýerýändigem hemmä aýan. Sözümiziň başynda aýdyşymyz ýaly, mundan alty ýyl ozal Türkmenistanyň asylly başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan, dünýä döwletleriniň goldamagynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bilen welosipede bolan garaýyş hem, onuň ähmiýetem bütinleý özgerdi.

Welosiped ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulagyň görnüşi höküminde dünýäde giňden ulanylýar. Welosiped sürmek adamyň saglygyna oňaýly täsir edýär. Açyk howada gözel tebigatda welosiped sürülende bedeniň madda çalşygy güýçlenýär, ýürek-damar, ýokanç kesellerden goraýjy ulgamlaryň işjeňligi ýokarlanýar, durky berkeýär. Welosipedde gezelenç edileninde uzak aralyga seretmek bilen şowakörlük keseliniň öňüni alýar. Ol adamyň myşsalarynyň, immunitetiniň berkemegine ýardam berip, süýji keseli bejermekde hem has peýdaly hasaplanýar.

Ilkinji welosipediň oýlanyp tapylan wagty 1817-nji ýyl diýlip çaklanylýar. Ony germaniýaly baron Fon Drez «Drezdiniň aty» ady bilen döredýär. Şondan 23 ýyl soň, ýagny 1840-njy ýylda şotlandiýaly Makmillan onuň has kämilleşen, yzky tigirlerini herekete getirýän ryçag goýulan görnüşini ýasaýar. 1965-nji ýylda bolsa Fransiýada ilkinji gezek welosiped döredilýär. 1870-nji ýylda Angliýanyň Kroýden şäherinden G.Beýts hem welosiped ýasapdyr. XIX asyryň 80-90-njy ýyllarynda welosipediň täze görnüşlerini döretmek has-da kämilleşýär. Şol sebäpden XX asyrda welosiped sürmek ýörgünli bolup başlaýar. Şeýle-de käbir taryhy maglumatlarda welosipediň çyzgysyna Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigi bellenilýär.

Türkmenistan döwletimizde hem welosiped sportuna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň geçirilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.

2024-nji ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda Aşgabat-Türkmenabat  ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça  uzak aralyga welosipedli ýörişiň guralmagynyň özi hem ýurdumyzda welosiped sportyny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bedenterbiýe, sport başlangyçlary  maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň çeşmesi bolup durýar. Ýurdumyzda dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň we ýaş nesilleriň  sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen.

Sagdynlyk, dostluk we raýdaşlyk gatnaşyklary, adamzat gymmatlyklaryny açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň nyşany bolan, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan  sporty giňden wagyz edýän mümkinçilikleri ýola goýýar.

Tagandurdy Berdiýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1 NGPYD A toparyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri