JEMGYÝET

Bütindünýä türk kofesi güni

Türk kofesi – hoşboý ysy, özboluşly tagamy şeýle hem taýýarlanyş usuly bilen Türkiýede hökmany dadyp görmeli içgileriñ hatarynda durýar. Türk ýaşaýyş durmuşyna ýetirýän oňyn täsiri sebäpli, diňe bir kofein içgisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, myhmansöýerligiň we dostlugyň nyşany bolup durýar. Türk medeniýetinde mäkäm kök uran we hoşboý ysy daş-töwerege bark urýan türk kofesy, oňat söhbetdeş bilen içilende tagamy has-da başga bolýar. Aýdylyşy ýaly, «Bir käse kofe ýüreklerde kyrk ýyl orun alar». Özboluşly lezzeti bilen 2013-nji ýylyň 5-nji dekabrynda ÝUNESKO maddy däl medeni miras sanawyna türk kofesini girizdi we şol güni «Bütindünýä türk kofe güni» diýlip yglan edildi.

 

Türk topraklaryna gelişi

Kofe ilkinji gezek Osmanly Imperiýasy döwründe Ýemenden Stambuldaky Soltan Süleýmanyň köşgüne gelip gowuşýar. Köşk aşhanasyndaky ukyply aşpezler ony demlemek üçin täzeçil usul oýlap tapypdyrlar. «Türk kofesi» ady hem türkleriñ oýlap tapan demleýiş usulyndan gelip çykýar. Köşkde giňden ýaýran içgi bolansoň, Stambulyň köçelerine aralaşyp başlaýar. XVI-njy asyrda adamlar söhbetdeş bolmak hem-de dynç almak üçin kofehanalara gidip başlaýarlar.  Stambul köp milletli we iri täjirçilik merkezi bolandygy sebäpli, kofe soňraky döwürde ýene serhedi aşmagy başarýar. Şunluk-da, söwdagärler daşary ýurtlara kofe dänesiniñ söwdasyna başlaýarlar, Ýewropaly diplomatlar we beýleki ygtyýarlylar bolsa öz ýurtlaryny kofe medeniýeti bilen tanyşdyrdylar.

Türk medeniýetindäki orny

Taýýarlanyş usulynyñ asyrlar boýy üýtgewsiz saklanylmagy Türk kofesynyñ özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Lezzetli türk kofesy üçin ilki bilen kül-uşak owradylan kofe däneleri gerek. Soñra bolsa uzyn saply jezwe diýlip atlandyrylýan ýörite gapda gaýnadylýar we kiçijik tutawaçly çaşkalarda äberilýär. Islege görä şekerli ýa-da şekersiz taýýarlamak mümkin.

Türk kofesi adatça ýanynyň bir bulgur suwy we lokum ýaly süýjüligi bilen hödür edilýär. Suw- bogazyñy öllemäge we kofäniñ lezzetini duýmaga kömek edýär. Türk dilinde ertirlik nahary diýmegi añladýan «kahwalty» sözüniñ düýp manysy bolsa – «kofeden öňki iýmit» diýmekdir. Türkiýede kofe içmäge hemişe bahana tapylýar. Ol esasan-da, nahardan soň dost-ýarlar bilen ýa-da bolmasa myhmançylyga gidilende iýmit siňdiriji hökmünde içilýär. Edilýän gümür-ýamyrlarda kofe käselerini tersine öwrüp pal atmaklyk bolsa, türk kofesi bilen baglanyşykly güýmenjeleriñ biridir. Türk kofesi şeýle hem, gudaçylyklarda, adaglanma dabaralarynda we dini baýramçylyklarda äberilýän içgileriñ biridir.

Agzynyñ tagamyny bilýänler üçin türk kofesiniñ görnüşleri

Türkiýede türk kofesiniñ owradylyş we taýýarlanyş usuly käbir sebitlerde üýtgäp bilýär. Mysal üçin, Egede mastiki agaçlary ösýär, şonuñ üçin bu sebitde türk kofesy mastika sakgyçy bilen taýýarlanýar. Kofeinsiz we miweli tagamy bolan Menengiç kofesy, Gaziantep welaýatyna mahsus kofedyr. Ol Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýetişýän Pistacia terebinthus agajyñ noýbasyndan taýýarlanýar. Şonuň ýaly-da, günorta-gündogarda ýerlşeýän Mardin we Şanlyurfa şäherlerinde bolsa myrra kofesi meşhurdyr. Myrra dünýädäki iň ýiti kofeleriň biridir we tutawaçsyz kiçijik käselerde hödür edilýär. Soky daşjagazda owradylýan dibek kofesi bolsa özüniñ ýumşak tagamy bilen tapawutlanýar. Türk kofesiniñ görnüşleri gyzgyn çägede, kömürde ýa-da külüñ üstünde taýýarlamak usullaryna görä hem tapawutlanýar.

Köpükli türk kofesiniñ taýýarlanyşy

Bütindünýä Türk kofe gününi – türk kofesini taýýarlap belläp bilersiňiz. Başlamazdan ozal, kofe dänesiniñ täzeligine göz ýetiriň. Kofäni jezwe diýlip atlandyrylýan ýörite öz gabynda suw guýlup mahmal deýin köpük emele gelýänça pessejik otda gaýnatmaly. Islege görä şeker hem goşup bilersiñiz. Şeýlelikde, taýyn bolan kofäni köpügi bozulmaz ýaly seresaplyk bilen käsä (çaşka) guýmaly we yanynyñ bir bulgur suwy bilen lezzet alyp içip bilersiňiz. Ýa-da bu ajaýyp içgini öz watanynda içmek üçin dynç alyşa Türkiýä gelip bilersiñiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Ata Watan Eserleri

Gresiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan YHG-niň ministrler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy