SIZDEN GELENLER

Bütindünýä şygryýet güni

Bütindünýä şygryýet güni her ýylyň 21-nji martynda giňden bellenilip geçirilýär. Bu dynç alyş güni Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet Guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan 1999-njy ýylyň 15-nji noýabrynda kabul edilen 30-njy mejlisiniň karary bilen döredilýär. ÝUNESKO-nyň kararynda bellenip geçilişi ýaly, baýramyň döredilmeginiň maksady «Milli, sebitleýin we halkara şygryýet işjeligine, hereketlerine täze itergi bermek we täzeden ykrar etmekş» bolup durýar.

Şygryýet gününi döretmek baradaky ilkinji başlangyç 1930-njy ýyllaryň ahyryna degişlidir: 1938-nji ýylda Amerikanyň Ogaýo ştatynyň  şahyry Tessa Suizi Webbiň  başlangyjy bilen 15-nji oktýabry – “Şygryýet güni” hökmünde  gadymy rim şahyry Wirgil doglan gününde  yglan etdi. 1951-nji ýyla çenli bu sene ABŞ-nyň otuz sekiz ştaty, şeýle hem Meksika tarapyndan ykrar edildi we Milli şygryýet güni hökmünde bellendi. Soňra bu gün beýleki ýurtlarda Bütindünýä şygryýet güni hökmünde bellenip başlandy. 1998-nji ýylda Marokkanyň teklibi bilen ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti Bütindünýä şygryýet gününi bellemek meselesine garady we şuňa meňzeş çäreleri dürli ýurtlarda geçirmegi maslahat berdi.

ÝUNESKO-nyň Şygryýet gününiň yglan edilmegi, Parižde, Brýusselde we dünýäniň beýleki paýtagtlarynda bolşy ýaly, Moskwada-da ilkinji Şygryýet güni 1999-njy ýylyň 21-nji martynda Petrowkadaky Döwlet edebiýat muzeýinde geçirilýär. Moskwadaky Bütindünýä şygryýet gününiň   meýilnamasy kem-kemden Döwlet edebiýat muzeýiniň howandarlygynda geçirilen dürli çärelere öwrüldi.

ÝUNESKO-nyň karary bilen «Şygryýet häzirki zaman adamyň iň ýiti we çuňňur ruhy soraglaryna jogap bolup biler, ýöne munuň üçin köpçüligiň ünsüni özüne çekmeli» diýýip bellenýär. Şygyr ýurtlary, halklary, medeniýetleri birleşdirýär we adamlara birek-birege düşünmäge kömek edýär. Asyrlar boýy şahyrana görnüşde geýnen pikirler we duýgular adamlaryň ýüregine aralaşyp, biziň hemmämiziň bir uly maşgaladygymyzy we aslynda biri-birimize gaty meňzeýändigimizi ýada salýar. ÝUNESKO Bütindünýä şygryýet gününi belläp, şahyrana sözüniň adamda döredijilik ukyplaryny oýarmak üçin ajaýyp ukybyna ünsi çekýär.

                                                                         Yhlas ÇOWDYROW,

Türkmenistanyň Daşary işler   ministrliginiň

                                        Halkara gatnaşyklary  institutynyň Halkara

                                        hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

Togan Oral: Nowruz baýramy türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany

Döwrebap bilim — kämil ýaşlar

Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygy

Diller – üstünligiň açary

Bilimli nesil – röwşen geljegiň şuglasy

Temmäkä garşy aýgytly göreş alnyp barylýar